Ï «Sport ýyldyzy» HK Aşgabadyň demirgazygynda medeni-bilim merkezini gurar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Sport ýyldyzy» HK Aşgabadyň demirgazygynda medeni-bilim merkezini gurar

view-icon 3519
«Sport ýyldyzy» HK Aşgabadyň demirgazygynda medeni-bilim merkezini gurar
Durmuş-dynç alyş binalar toplumy – umumy bilim berýän, mekdebe çenli, döredijilik we sport-sagaldyş binalary – paýtagtyň demirgazygynda, Duşanbe we Astana köçeleriniň arasynda bina ediler. Sport binalarynyň birnäçesini, şeýle hem Aşgabatda “Tehnologiýa” ýadygärligini guran «Sport ýyldyzy» Hususy kärhanasy olaryň gurluşygyna bäsleşikde ýeňdi. Mälim bolşy ýaly, kompaniýa Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda “Welosiped” ýadygärliginiň gurluşygyna bäsleşikde hem ýeňipdi we ony gurmaga girişdi.

Geljekki medeni-bilim merkeziniň meýdanynda telekeçilik düzümi 720 okuwça niýetlenen orta mekdebiň we 320 orunlyk çagalar bagynyň binalaryny gurar. Taslamada köpugurly Döredijilik merkeziniň hem gurluşygy göz öňünde tutulan, onda sportyň oýun görnüşleri we gimnastika zaly, çagalar we ulular üçin tans zallary, fitnes üçin otag ýerleşer. Şeýle hem döredijilik, aýdym-saz bilen meşgullanmak üçin şertler dörediler. Mundan başga-da, bu ýerde ses ýazgylar studiýasy, lybaslar tikilýän seh, edara otaglary bolar. «Sport ýyldyzy» kärhanasy binalaryň gurluşygyny indiki ýylda tamamlamagy göz öňünde tutýar.