Ï Astrahan oblastynyň Funtowo obasynda türkmen dili okadylyp başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Astrahan oblastynyň Funtowo obasynda türkmen dili okadylyp başlandy

view-icon 3412

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Magtymguly Pyragy adyndaky umumy orta bilim berýän orta mekdebiň okuwçylary türkmen dilini öwrenip başladylar.

Russiýa tarapynyň çakylygy bilen türkmenleriň kowçum ýaşaýan Funtowo obasyna sentýabr aýynyň başynda türkmen dili mugallymy Resul Şajyýew geldi. Bu oba ilaty üçin şanly waka boldy, şonuň üçinem ilkinji sapaga okuwçylardan başga-da olaryň ata-eneleri-de geldiler.

Türkmen diliniň öwredilip başlanylmagy funtowolylaryň ýaş neslini taryhy Watanynyň medeni däplerine we baý medeni mirasyna gyzyklandyrmaga, umuman Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.