Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň durmuşyndaky täzelikler barada daşoguzly habarçymyz gürrüň berýär.
Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesindäki ýaşaýyş jaý toplumynda dört gatly amatly ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesi ulanylmaga berildi, döwrebap Saglyk merkezi we 600 okuwça niýetlenen umumy orta bilim berýän mekdep gurulýar. Bu ýerde zerur inženerçilik-kommunikasiýalary: birnäçe kilometr täze suw geçirijisi we lagym ulgamy, elektrik liniýalary çekildi. Golaýda bolsa 240 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygyna başlanyldy. Bu işlere ýörüteleşdirilen döwlet guramalary bilen birlikde hususy gurluşyk kompaniýalary hem gatnaşýarlar.
Ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň binalarynyň gurluşygynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa gurluşyk hem bezeg materiallarynyň ulanylýandygyny bellemek gerek. Mekdepde we çagalar bagynda ýaşajyk daşoguzlylaryň bilim almagy hem-de sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertleriň ählisi dörediler.
Sebitde energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Köneürgenç etrabynyň «Täze oba» obasynda asma elektrik geçirijisiniň durky täzelendi. «Ýüpek ýoly gurluşyk» Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bu ýerde kuwwatlylygy 250 kWa bolan täze toplumlaýyn transformator kiçi bekedini oturtdylar we kuwwatlylygy 0,4 hem-de 10 kilowat bolan elektrik geçiriji liniýanyň 3 kilometre golýayny seplediler.
Şeýle hem Köneürgenç şäheriniň energetika ulgamyny düýpli täzelemek boýunça işler geçirildi, S. Türkmenbaşy etrabynyň «Gyzyl çark» obasynda uzynlygy 1,5 kilometrden gowrak täze elektrik geçiriji liniýanyň gurluşygyna girişildi. Şol etrabyň geňeşlikleriniň birinde kuwwatlylygy 250 kWa bolan täze toplumlaýyn transformator kiçi beketleriniň ikisi oturdylar.
Şu ýylky okuw ýylynda Daşoguz şäheriniň 2-nji mekdebine daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän mekdep derejesi berildi. Indi okuwçylar 5-nji synpdan başlap, ikinji daşary ýurt dilini – nemes dilini öwrenerler. Şonuň bilen birlikde iňlis dilini öwrenmäge bellenilen sagatlaryň sany-da artdyryldy, çagalar ony birinji synpdan öwrenip başlaýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, sebitiň mekdepleriniň 26-synyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmäge ýörüteleşendirilendigini bellemek gerek, olar lingafon otaglary we interaktiw tagtalar bilen üpjün edilen. Ýaşajyk daşoguzlylar ýewropa dilleri bilen birlikde arap, pars, hytaý we ýapon dilleriniň fonetikasyny, leksikasyny we grammatikasyny öwrenýärler.