Ï Mekdep bazarlary işläp başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdep bazarlary işläp başlady

view-icon 6792
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Şu günler ýurduň paýatagtynda hem welaýatlarynda däp bolşy ýaly, tomsuň soňky aýynda mekdep bazarlary işläp ugrady. «Aýak ýeterde» ýörelgesinde işleýän ýöriteleşdirilen söwda nokatlary çagalar mekdep eşikleriniň we kanselýariýa esbaplarynyň dürli görnüşlerini teklip edýärler. Paýtagtda şeýle nokatlaryň 54-si, Ahal welaýatynda -- 50-si, Balkan welaýatynda – 40-sy, Mary welaýatynda – 134-si, Lebap welaýatynda – 79-sy we ýurduň demirgazyk sebiti - Daşoguz welaýatynda hem 53-si hereket edýär.

Mekdep bazarlary alyjylara ýurdumyzda öndürilen önümleriň giň görnüşini: bahasy we hili babatda oňaýly, ýurduň esasy dokma kärhanalarynda ekologiýa taýdan arasssa we gipoallergen matalardan tikilen mekdep okuwçylary üçin egin-eşikleri, şeýle hem portfelleri we ranesleri, kanselýariýa önümlerini we esbaplaryny, kömekçi gajetleri we beýlekileri teklip edýärler.

Dürli görnüşli bu harytlar hili, ulanmaga amatlylygy hem-de dizaýny babatda dürli ýaşly okuwçylaryň talaplaryna we isleglerine laýyk gelýär.