Ï Ýaşlar bilen işlemek – ileri tutulýan ugur
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşlar bilen işlemek – ileri tutulýan ugur

view-icon 4694

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Merkezi Geňeşiniň başlangyjy bilen geçirilen brifinge ýerli telekeçiler, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem-de mugallymlary, şeýle hem  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşanlar üstünlikli iş alyp barýan ýerli telekeçilik düzümleriniň mysalynda telekeçilik işini ýola goýmagyň  esaslary, aýratynlyklary we düzgünleri bilen tanyşdylar. Ýaşlaryň öňünde hususy kärhanalaryň, şol sanda   ýyladyşhanalarda pomidor ýetişdirýän «Ýigit» HJ-niň hem-de haly we haly önümçiliginde iş alyp barýan «Abadan haly» AGPJ-niň  ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Kärhanalaryň ikisi-de ýurtda öňde baryjy kärhanalar, içerki bazarlary degişli harytlar bilen üpjün etmäge işeňňir gatnaşýarlar, daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça iş alyp barýarlar we öndürýän harytlarynyň esli bölegini daşary ýurtlara ugradýarlar.

Duşuşyga gatnaşanlar telekeçileriň çykyşlaryndan şowly telekeçilik işini guramakda nämäniň esasydygyny, ony ösdürmäge nämeleriň ýardam edýändigini, häzirkizaman bazar gatnaşyklarynda bäsdeşligie ukyplylyga nähili ýol bilen ýetmelidigi barada düşünje aldylar. Şeýle hem telekeçilik işini ýola goýmakda ilkinji ädimler, biznes-ideýanyň möhümligi, onuň wajyplygy, özboluşlylygy, startapy dogry ilerletmek dogrusynda hem gürrüň edildi.

Brifingde çykyş eden TSTB-niň wekilleri döwlet tarapyndan telekeçilige hemmetaraplaýyn saldamly goldaw berilýändigini nygtadylar.

Bilesigeliji talyplar, öz gezeginde, telekeçilere  özüni gyzyklandyrýan temalardan ençeme sowal berdiler we olara doly jogap aldylar. Sowallar harytlaryň mahabatyna we içerki hem-de daşary bazarlarda brendleri ilerletmäge, telekeçilik düzümlerinde pul serişdelerini dolandyrmagyň düzgünlerine, maksatlaýyn bank karzlaryny almaga we ş.m. meselelere degişlidi.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, gyzykly, netijeli geçen duşuşykda pikir alşyldy, söhbet edildi, iň esasy-da, göz öňünde tutulan netijeler gazanyldy, öňde goýlan  maksatlara ýetildi. Talyplaryň  telekeçiler bilen indiki brifingini şu aýyň ikinji ýarymynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Indiki duşuşyklaryň her birine paýtagtymyzdaky dürli ugurdan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Merkezi Geňeşinde ýaşlar bilen dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Ol zehinli, kreatiw pikirlenýän, ideýaly  ýaşlary ýurdumyzyň ylmy, durmuş-ykdysady ösüşine işjeň çekmek bilen baglanşyklydyr. Ýaşlar bilen işjeň işlemek, olaryň başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamak döwlet ýaşlar syýasatynyň, şeýle hem «2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň döwlet ýaşlar maksatnamasy babatda döwlet maksatnamasynyň» ileri tutulýan wezipelerdir.


Anastasiýa KASÝANOWA