Ï «Dessanyň» hoşowaz çykyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Dessanyň» hoşowaz çykyşlary

view-icon 2571
«Dessanyň» hoşowaz çykyşlary

Daşoguz welaýatynyň M. Garlyýew adyndaky ýörüteleşdirilen sungat mekdebiniň «Dessan»  skripkaçylar topary  täze konsert maksatnamasyny taýýarlady. Onda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleriniň birnäçesi bar. Toparyň agzalary Nury Halmämmedowyň we Çary Nurymowyň, instrumental konsert sazyny dörediji italiýaly tanymal kompozitor Antonio Wiwaldiniň, ençeme saz eserleriniň awtory Karl Bomyň we beýleki kompozitorlaryň eserlerini ussatlarça ýerine ýetirýärler. Täze konsert maksatnamasynyň bir bölegi ýurdumyzyň telewizion ýaýlymlarynyň birinde ýazgy edildi,  indi ol halk köpçüligine görkeziler.

 «Dessan»  skripkaçylar toparynyň döredilenine ençeme wagt geçdi, ol Türkmenistanyň demirgazygynda geçirilýän dürli medeni çärelere işjeň gatnaşýar. Topar, ýörelgä görä, mekdebiň kirişli saz gurallary bölüminiň mugallymlaryndan we talyplaryndan düzülýär. Häzir onuň hatarynda on alty adam bar. Dürli ýyllarda toparda   bäsleşiklerde, şol sanda ýurdumyzyň sazçylyk okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen bäsleşiklerde ýeňiş gazanan we olarda diplomlara mynasyp bolanlar hem çykyş edipdiler.

 Geçen ýyl Daşoguz welaýatynyň M. Garlyýew adyndaky ýörüteleşdirilen sungat mekdebiniň döredilenine kyrk ýyl doldy. Mekdepde ýetginjekler  we  gyzlar aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça dört ýyl bilim alýarlar. Olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny we hünär başarnygyny kämillşedirmek üçin bu ýerde beýleki saz ugurlary boýunça-da birleşen toparlar, şol sanda «Owaz» kamera orkestri hereket edýär. Mekdebiň uçurymlarynyň onlarçasy her ýyl sebitiň medeniýet we bilim edaralarynda işe durýarlar.


Batyr ÖRÄÝEW