Kanonyň, dutaryň we gyjagyň özara söhbedi

eye
971
Kanonyň, dutaryň we gyjagyň özara söhbedi

«Ermenistanyň we Türkmenistanyň kirişli halk saz gurallary» temasyndan halk saz gurallary ussatlarynyň ikinji halkara onlaýn-duşuşygy geçirildi. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň talyplarydyr mygallymlary gatnaşdylar.

Duşuşyk sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň dosenti Narine Awetisýanyň örän gadymy saz guraly – kanon bilen tanyşdyrylşyndan başlandy, ol ermeni medeniýetinde bu guralyň peýda bolmagynyň taryhy we şu günlere çenli onuň aýawly saklanylyşy barada gürrüň berdi.

Ermenistanyň sungatda at gazanan  işgäri, professor Sowinar Oganesýan türkmen diňleýjileri üçin birnäçe saz, özü-de kanonyň mümkinçilikleriniň ählisini görkezmek üçin halk sazlaryny-da, jaz sazlaryny-da çalyp görkezdi.

Türkmen tarapy bu üýtgeşik saz guralynyň belent owazyny dykgatly diňledi we Sowinaryň ussatlygyny el çarpmalar bilen mübärekledi. Öz gezeginde, saz taryhy kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Jemile Gurbanowa ermeni tarapyna türkmen halkynyň iň köp ýaýran we halaýan saz guraly – dutar barada gürrüň berdi.

-- Halk sazandalarynyň genetiki we medeni kämilligi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelipdir – diýip ol gadymy Nusaýda tapylan arheologik artefaktlary – ritonlary mysal getirdi. – Gadymy heýkeltaraşlar içmek üçin ulanylýan gaplara dutar çalyp oturan sazandalaryň şekilini salypdyrlar.

Gyjak hem asyrlarboýy dutar ýaly türkmeniň aýrylmaz  ýarany bolupdyr. Gyjakçylar köplenç dutarçylar bilen bile çykyş edýärler, ýöne özbaşdak çalynýan eserlerem bar.

Dutardyr gyjak  bilen hemmetarapalýyn tanyşdyrylandan soň kiçeňräk görkezme konserti boldy, onda  konserwatoriýanyň talyplary dutar we gyjak sazlaryny çaldylar. Indi gadymy türkmen saz gurallaryna baha beren ermeni tarapy ýaş sazandalaryň ussatlygyny el çarpmalar bieln mübärekledi.

Türkmen tarapyndan Medeniýet ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň başlangyjy bilen geçirilen şu dostlukly hem-de magaryf çäresi halk saz gurallaryny wagyz etmäge niýetlenendir.


Tamara GLAZUNOWA 

Surata düşüren: Alekseý GIMALITDINOW