Ï Fransuz dili boýunça olimpiada geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Fransuz dili boýunça olimpiada geçiriler

view-icon 4071

Halkara Frankofoniýa güni myasybetli 2021-nji ýylda ýurdumyzda ilkinji gezek Fransuz dili boýunça olimpiada geçiriler. Türkmensitandaky Fransiýa instituty (TFI) bu waka bagşlanan tanyşdyrylyş gurnady.

Halkara baýramlarynyň senenamasynda Frankofoniýa baýramy 20-nji marta bellenen. Bu baýram  dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan  fransuz dilini öwrenýän, oňa gyzyklanýan we ony suwara bilýän fransuz diliniň muşdaklaryny birleşdirýär. Halkara Frankofoniýa gününi geçirmek däbi biziň ýurdumyza-da ornaşdy. Her ýyl bu baýramyň çäklerinde gyzykly döredijilik bäsleşikleri geçirilip, oňa fransuz dilini halaýan türkmensitanly çagalar, ýetginjekler we ulular gatnaşýarlar.

Frankofoniýa 2021  güni mynasybetli Fransuz dili boýunça olimpiadanyň premýerasy olar üçin hakyky sowgat bolar. Olimpiada gatnaşmaga paýtagtymyzdaky fransuz dilini öwrenýän orta mekdepleriň, şeýle hem TFI-niň 6 ýaşdan 18 ýaşa çenli okuwçylary çagyrylýar. Oňa gatnaşmak isleýänler 5-nji marta çenli  hasaba alynýar.

Olimpiada aprel aýynyň ortasynda  başlanýar, ol iki tapgyrdan – ýazuw we dil synaglaryndan ybaratdyr. Birinji tapgyrda fransuz dilini bilşiňiziň derejesi diktant we  test bilen barlanar. Birinji tapgyrda üstünlik gazananlar ikinji tapgyra gatnaşarlar. Onda dilden söhbetdeşlik onlaýn görnüşinde geçriiler. Olimpiada bir hepde dowam eder, şondan soň ýeňijileri mübäreklemek we baýrtak gowşurmak dabarasy bolar.

Geljekki olimpiadanyň göwrümli temasy hasam gyzykly, oňa fransuzça «Un bole d'air» diýip at berlipdir, göni terjimesi «Bir dem howa» diýmekdir. Emma fransuz «l'air» («howa») sözi köp manylydyr, ol şeýle hem «ylham», «syýahat» ýaly manylary-da berýär. Bu düşünjeleriň ählisi oňa gatnaşýanlar üçin iki tapgyrdan ybarat aň-paýhas bäsleşiginde  tematiki  meseleler, oýlanmalar we söhbetler arkaly açylar. Mysal üçin, ekologiýa, sungatyň dürli ugurlary, şahyrlaryň, aýdymçy-sazandalaryň döredijiligi we ş.m. barada gürrüň ediler.

Olimpiadany her ýyl geçirmek göz öňünde tutulýar, ol beýleki çäreler bilen birlikde Türkmenistanda fransuz dilini, Farnsiýanyň hem-de fransuz dilinde gürleýän ýurtlaryň medeniýetini we taryhyny geljekde-de ýaýmaga mümkinçilik berer.

Halkara Frankofoniýa gününe bagyşlanyp Fransuz dili boýunça sebit möçberinde hem olimpiadanyň geçirilýändigini hem aýtmak gerek. Çäre Merkezi Aziýa sebiti üçin onlaýn görnüşde gurnalar. Onda biziň ýurdumyza fransuz dilini öwrenýän mekdepleriň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem TFD-ne gatnaýanlar wekilçilik ederler.

Mart aýynyň ikinji ýarymynda oňa gatnaşjaklar hasaba alnar. Aprel aýynyň ortasynda başlanjak Olimpiada iki tapgyrda geçiriler, onuň ýeňijileri bolsa şu ýylyň maý aýynda belli bolar.

36 83 70, 36 83 71, 36 83 72 belgili telefonlara jaň edip, olimpiadalaryň düzgünleri we şertleri barada goşmaça maglumat alyp bolar.


Anastasiýa KASÝANOWA