Halkara zenanlar baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň Sergi merkezinde döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi, oňa däp bolşy ýaly nakgaş zenanlar gatnaşdylar. Sergä gelenler bäsleşige hödürlenen söýgi we bahar röwüşleri ruhuna ýugrulan eserler bilen tanyşdylar.
Çäre ýeňijileri atlandyrmakdan başlandy. Birinji baýraga žiwopisçi Aýjahan Babatäjowa («Ene söýgüsi» suraty bilen) we köpşekilli özboluşly «Bazara» kompozisiýasynyň awtory keramikaçy Dilber Umarowa mynasyp boldular.
Suratlaryň tematikasy: güller, zenanlaryň we çagalaryň portretleri, ajaýyp manzarlar çäräniň «zenanlar» sergisidigine şaýatlyk edýärdi. Güljahan Mämmetmyradowanyň «Toý» atly suraty sergidäki eserlere simwoliki giriş ýaly görünýärdi, onda şekillendirilen ýüwrük bedewleriň üstündäki erbez jigitleriň keşbi sergide baýramçylyk ruhuny döretdi.
Türkmenistanyň halk nakgaşy Çary Amangeldiýewiň şägirdi Gunça Ýazmuhammedowa sergä sýurrealizm usulynda dört surat hödürläpdir. Gunçanyň «Gümmezler» atly işiniň metaforiki ýordumy hasam täsirli çykypdyr. Awtor kiçijik gyzjagazy köpgatly jaýyň eýwanynda şekillendiripdir, ol altynsow gümmezli kaşaň megapolosiň depesine galan ýlay görünýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň birinji ýyl talyby Mahym Atakowanyň «Mähriban ene» atly suraty maşgala gymmatlyklary barada pikirleri oýarýar.
--Bu ajaýyp we durmuşa höwesek bu daýza --biziň goňşymyz, onuň ýaşy 100-e golaýlapdyr -- diýip Mahym gürrüň berýär. Men ýaşyna garaman henizem hojalygy ýöredip oturan parasatly hem alçak enäniň keşbini çekmegi niýet edindim.
Ikinji orny eýelän Natalýa Kalugina sergä «Gerkez» atly manzaryny teklip edipdir. Dana türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň dogduk obasy Köpetdagyň belent erezleri bilen gurşalan gözel Sumbar jülgesinde ýerleşýär. Onuň milli röwüşde taýýarlan awtorlyk şaý-sepleri bu ýere gelen zenanlarda uly gyzyklanma döretdi, oňa nakgaş «Oguz hanyň gelinleri» diýip simwoliki at dakypdyr.
Baýramçylyk dabarasy tanymal aýdymçy Myrat Diwanaýewiň aýdymly gutlagy bilen jemlendi.
Tamara GLAZUNOWA
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN