Ï Russiýanyň Wladimir oblastynyň ilaty türkmen halkynyň medeniýeti we däpleri bilen tanyşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýanyň Wladimir oblastynyň ilaty türkmen halkynyň medeniýeti we däpleri bilen tanyşýar

view-icon 5899
Russiýanyň Wladimir oblastynyň ilaty türkmen halkynyň medeniýeti we däpleri bilen tanyşýar

Wladimir şäherinde Wladimir oblastynyň dolandyryş edarasynyň we Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldamagynda Türkmen mendeniýetiniň hepdesi giraldy.

15-nji martda Wladimir oblastynyň çagalar we ýaşlar  kitaphanasynda «Internasional Wladimir»  taslamasynyň çäklerinde  geçirilen  «Asyrlarda dokalan däpler halysy» atly çäräniň açylyşyna oblast dolandyryş edarasynyň, ýurdumyzyň Ilçihanasynyň wekilleri, A.G. we N. G. Stoletowlar adyndaky Wladimir  döwlet uniwersitetinde bilim alýan türkmen ýaşlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdyalr.

Hepdäniň açylyşynda çykyş edenler medeni-ynsanperwer we ylym-bilim hyzmatdaşlygy ýaly türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan gatnaşyklaryny ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.

Çäräniň çäklerinde myhmanlar halkymyzyň taryhy we ruhy gymamtlyklary bilen tanyşdyryldy. Türkmen talyplary folklor eserlerini we tanymal şahyrlaryň sözlerine aýdymlary, şeýle hem gadymy küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler.

Döredijilik çäresine gabatlanyp guralan sergide türkmen halkynyň medeniýetine we däplerine, ýurdumyzyň gözel tebigatyna, onuň häzirki gazananlaryna bagyşlanan fotosuratlar hem-de žiwopis işleri görkezildi.