Ï Şäheriň taryhy adamlaryň ykbalynda: Marat Nyýazow
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şäheriň taryhy adamlaryň ykbalynda: Marat Nyýazow

view-icon 3888

Marat Ataýewiç Nyýazow ýaly  şahsyýetleri ýatlamak üçin aýratyn bir sebäp gerek däl. Ol hakda näçe ýazsaňam, näçe aýtsaňam – barybir az. Biziň aşgabatly ildeşimiz dogduk diýaryny dünýä  tanatdy. 

Onuň 1960-njy ýylda Rim Olimpiadasynda gazanan üstünligi nämä degmeýär?! Şonda ildeşimiz nyşana ok atmak boýunça  kümüş medaly gazanyp, arzyly altyn medala gaty golaý bardy. Bu ýaş türkmen türgeni üçin uly ýeňişdi. Türkmen mergeniniň ady sport dünýäsinde giňden tanalýar – ol ençeme gezek dünýäniň, Ýewropanyň, Sowet Soýuzynyň çempiony  boldy. 

Ine, onuň üstünlikleriniň sanawy - dünýäniň ýedi gezek çempiony, dünýä çempionatynyň on sany kümüş medalynyň eýesi, dünýä çempionatynyň üç sany bürünç medalynyň eýesi, Ýewropanyň üç gezek çempiony, Ýewropa çempionatynyň kümüş we bürünç medallarynyň eýesi, SSSR-iň on dört gezek çempiony, dünýäniň dokuz gezek rekordsmeni, Ýewropanyň on bir gezekki rekordsmeni, şahsy we toparlaýyn hasaplarda SSSR-iň on üç gezek rekordsmeni. Ýöne ýere halkyň içinde oňa – mergen diýmeýärler, mergen - atan oky boş geçmeýär diýmekdir. 

Ol her tarapdan iňňän ösen adamdy. Tanymal türkmen žurnalisti Wladimir Zarembo mergen hakda şeýle ýazýar: « Durmuşda sebäpsiz çöp başy gymyldamaýar. Baryp-ha, 1953-nji ýylda Moskwanyň I.Gubkin adyndaky nebit we gaz institutynyň talybynyň sportuň nyşana ok atmak görnüşini saýlamagy Marat Ataýewiçiň gylyk-häsiýeti bilen berk baglydy. Öz öňünde maksat goýup, şoňa ýetmäge çalyşmak – ine, onuň häsiýeti. Oňa tebigy berlen erjellik hem munuň üstüni doldurýardy. Aslynda, ýaraga biparh seredýän erkek tapylarmyka beri?! Erkek kişileriň islendiginde az-u-köp nyşana ok atmaga höwes bolýar – onuň aňyrsynda ata-babalaryň– esgerleriň, awçylaryň we arly-namysly watançylaryň ganyndan geçen hakyda ýatyr. Megerem, hut şol höwes Marat Nyýazowy sportuň nyşana ok atmak  görnüşine getirendir».

… Marat Nyýazowyň  egsilmez gujur-gaýratyna haýran galaýmaly. Ol segseniň ujundan girende-de edil öňküleri ýaly tälimçilik kärini, dünýä aýlanyp çykmagyny dowam edýärdi. Ahyry belli-külli karara gelýär:  besdir, onuň öýi-ojagy, mähriban ýan ýoldaşy, çagalary, agtyklary bar. Eýsem,  ynsana ömrüniň güýzüni rahat garşylamak üçin şulardan başga ýene näme gerek?! Türkmen sportunyň kerwenbaşylarynyň biriniň durmuşynda duýdansyz ýerden täze sahypa açylanda ol ýetmiş bäş ýaşyndady. Ýöne bu waka sport arenasynda däl-de ... kino surata düşürilýän meýdançada bolupdy. 

Alty Garlyýew adyndaky kinostudiýada režissýor Kerim Annanow öz kakasy meşhur artist Baba Annanowyň nowellasynyň esasynda «Güýz» atly çeper filme başlapdy we baş gahrymanyň  roluny ýerine ýetirmäge adam gözleýärdi. 

Synaglar dowam edýärdi, wagt geçýärdi, emma, režissýoryň göwnüne laýyk geläýjek artist tapylmaýardy. Ine, birdenem ol tötänlikde ençeme ýyl bäri tanaýan  adamsy Marat Ataýewiçe gabat gelýär.  Taýsyz mergen özüniň  gyrçuw  murtunyň gapdalyndan özüne agras ýaşulynyň keşbini berýän sakal hem goýberdi. 

Režissýoryň Marat Ataýewiçe paýtagtyň B. Garryýew (ozalky Lahuty) köçesinde sataşan bolmagy-da mümkin.  Sebäbi mergenlikde özüni dünýä tanadan Marat Nyýazow şol ýerde ýaşansoň, hemişe goýry kölgeli baglaryň saýasynda gezmegi gowy görýärdi. Şeýlelikde, «Güýz» çeper filminde  meşhur sportsmeniň aktýorçylyk synagy başlandy. Bu synagyň şowludygyny aýtmak gerek... 

Şu günler biz meşhur ildeşimizi ýene bir gezek ýatlaýarys. Ol mundan 12 ýyl ozal aramyzdan gitdi, ýöne biziň hakydamyzda häzirem ýaşaýar. Bu hakyda ─ beýik sportsmen, akgöwünli ynsan we öz Watanynyň mertebeli raýaty hakdaky ýatlamadyr. 

«AA» habarçysy