Ï Adamyň kosmosa ilkinji uçuşyna 60 ýyl: dünýäni üýtgeden 108 minut
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Adamyň kosmosa ilkinji uçuşyna 60 ýyl: dünýäni üýtgeden 108 minut

view-icon 11305

Mundan laýyk altmyş ýyl ozal taryhy waka bolup geçdi – zeminiň wekili ilkinji gezek kosmosa uçdy. Uçuş uzaga çekmedi – bary-ýogy 108 minut dowam etdi. Ýöne bu uçuş kiçigöwünli 27 ýaşly maýor, harby uçarlaryň synagçysy Ýuriý Gagariniň adyny rowaýada öwürdi. 1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde göteriji raketa «Wostok-1» kosmos gämisini orbita çykardy. Ol sagatda 28 müň kilomtr tizlikde, 302 kilometr belentlikde dünýäniň daşyna aýlandy.

Gelejekki kosmonawt 1934-nji ýylyň 9-njy martynda Russiýa Federasiýasynyň Smolensk oblastynyň Kluşşino obasynda doguldy. Ol 1951-nji ýylda obasyndan Moskwa gidýär, birnäçe ýyl okap bilim alansoň, harby uçujynyň wezipesine bellenilýär. Bu işi oňa ýurduň kosmosy özleşdirmek maksatnamasyna gatnaşmaga ýol açýar. 1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde uçuş möhleti gelip ýetýär.

Taryhda ilkinji gezek adama kosmosa uçmaga berlen tabşyryga SSSR-iň goranmak tehnikasy baradaky Döwlet komitetiniň 1-nji aýratyn konstruktorçylyk gullugunyň Baş konstruktory Sergeý Korolýow hem-de Harby howa güýçleriniň Baş ştabynyň kosmos uçuşlaryny taýýarlaýjy we üpjün ediji bölüminiň başlygy Nikolaý Kamanin gol çekýär. Şol tabşyrykda şeýle sözler bar: «180-320 kilometr beýiklikde 1 sagat 30 minutlap Ýeriň daşyndan bir gezek aýlanmaly we bellenen etrapda ýere gonmaly. Uçuşyň maksady - ýörite abzallaşdyrylan uçarda adamyň kosmosa uçmak mümkinçiliklerini barlamak, uçuş wagtynda onuň enjamlarynyň işleýşini barlamak, uçaryň we kosmonawtyň ýere gonmagyny üpjün edýän serişdeleriň ygtybarlylygyny synagdan geçirmek.

Ilkinji adam tarapyndan dolandyrylýan howa gämisiniň uçmagynyň edil öňüsyrasy Gagarin: «Gitdik!» - diýen meşhur jümlesini aýdypdy.

«Wostok-1»-de Ýuriý Gagarin 108 minutyň içinde bütin Ýer şarynyň daşyna aýlanyp çykdy. Şundan soňra biziň Ýerimizi-Mawy planeta diýip atlandyrdydar. Bu adalgany kosmosdan ýere ilkinji gezek sereden Ýuriý Gagarin ilkinji gezek ulandy we gepleşige girizdi. Müňlerçe adamlar gahryman ýigidi görmek, ondan Ýeriň ýokardan nähili görünýändigini, uçuşda nähili duýgyny başyndan geçirendigini soramak isleýärdiler. Gagarin bu soraga örän ýönekeý we çuň mazmunly: «Gözellik!» diýip jogap berdi.

Ol ýene-de ençeme gezek asman giňişligine aralaşmagy, beýik açyşlara eýe bolmagy arzuw edýärdi. Haýp, ykbal özüçe başga höküm çykardy. 1968-nji ýylyň 27-nji martynda Ýuriý Gagarin kärdeşi Wladimir Serýegin bilen bilelikde «Mig-15» harby uçarynyň synagynda Moskwanyň eteginde heläkçilige uçrady we aradan çykdy.

Şondan altmyş ýyl geçensoňam adamlar beýik kosmonawt Gagariniň ilkinji uçuşyny ýatlaýarlar we oňa hormat goýýarlar. 2011-nji ýylyň 7-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji apreli adamyň kosmosa uçuşynyň Halkara güni hökmünde yglan etdi.

Biziň ýurdumyzdan kosmosa uçanlaryň hatarynda türkmen topragynda dünýä inen «Roskosmos» Döwlet korporasiýasynyň instruktor-kosmonawt-synagçysy Oleg Kononenko bar, oňa türkmenistanlylar örän guwanýar. Onuň uçuş wagtynyň jemi 736 gije-gündize we 18 sagat 43 minuta barabardyr. Oleg 5 gezek açyk kosmosa çykdy we 32 sagat 13 minutlap tabşyryklary ýerine ýetirdi.

2019-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan şahsy goşandy, parahatçylyk maksatlaryny, kosmos giňişliklerini özleşdirmekde gazanan üstünlikleri, biziň döwletimiziň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Oleg Kononenka «Türkmenistanyň Gahrymany» ady dakyldy we «Altyn Aý» medaly gowşurldy.

2015-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistan özüniň ilkinji «TürkmenÄlem52°Е» aragatnaşyk hemrasyny uçurdy. Thales Alenia Space fransuz kompaniýasyň guran bu aragatnaşyk hemrasy ABŞ-nyň Florida ştatynda ýerleşýän Kanaweraldaky kosmodromdan Falcon 9 amerikan raketa göterijisiniň kömegi arkaly 27-nji aprelde bütindünýä wagty boýunça 23 sagat 03 minutda ýere golaý asman giňişligine çykaryldy. Şol wagtda Aşgabatda eýýäm 28-nji apreldi we ir sagat 4 bolup, bäşden ýaňy 3 minut işläpdi.

On ýyl ozal Türkmenistanda döredilen Milli kosmos gullugy 2019-njy ýylyň ýanwarynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyna berildi we şol edaranyň Kosmos müdirligi diýlip atlandyryldy.

Owalky kabul edilen kararlara laýyklykda 2018-2024 ýyllarda ýerli kosmos ulgamyny ösdürmeklige we onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manada golaý düýpli maýa serişdesi goýuldy. Şol serişdeleriň hasabyna ýene-de bir emeli hemrany döretmek we ony kosmosa uçurmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da bu pudagyň ýerüsti amatlyklaryny has-da ýaýbaňlandyrmak we hünärmenleri taýýarlamak, bu ugurda ylmy işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar.

Оgulgözel REJEPOWA, Liana BOLOTOWA