Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 4235

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizde kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda guralýan goýumly oýunlaryň hilini häzirki döwrüň ösen derejesine laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine birleşigiň garamagyndaky “Goýumly oýunlar, hyzmatlar we üpjünçilik” döwlet kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

“Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna — esaslyk maýadaky paýy 60 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ýurdumyzda berk bedenli, sagdyn, bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligine Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Myradym” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň maý aýynda başlamak we çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hakyndaky Düzgünnama hem-de şu ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde alnyp barylýan işleri toplumlaýyn esasda guramak, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.

***

Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň we goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem adam hukuklary ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek we ynsanperwer ulgamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça degişli işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna hem-de jemgyýetçilik birleşiklerine şu meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligine “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň awtomatlaşdyrylan hasaplaşyk (Billing) ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek bilen baglanyşykly enjamlary we programma üpjünçiliklerini satyn almak, getirmek, gurnamak hem-de tehniki goldawy bermek barada Russiýa Federasiýasynyň “Eastwind” ýapyk paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 2222-nji Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.