Ï Suratkeş Tamara Kiselýowa: durmuşyň öwüşginleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Suratkeş Tamara Kiselýowa: durmuşyň öwüşginleri

view-icon 6609
Suratkeş Tamara Kiselýowa:  durmuşyň  öwüşginleri
Suratkeş Tamara Kiselýowa:  durmuşyň  öwüşginleri
Suratkeş Tamara Kiselýowa:  durmuşyň  öwüşginleri
Suratkeş Tamara Kiselýowa:  durmuşyň  öwüşginleri
Suratkeş Tamara Kiselýowa:  durmuşyň  öwüşginleri
Suratkeş Tamara Kiselýowa:  durmuşyň  öwüşginleri
Suratkeş Tamara Kiselýowa:  durmuşyň  öwüşginleri
Suratkeş Tamara Kiselýowa:  durmuşyň  öwüşginleri
Suratkeş Tamara Kiselýowa:  durmuşyň  öwüşginleri
Suratkeş Tamara Kiselýowa:  durmuşyň  öwüşginleri
Suratkeş Tamara Kiselýowa:  durmuşyň  öwüşginleri
Suratkeş Tamara Kiselýowa:  durmuşyň  öwüşginleri
Suratkeş Tamara Kiselýowa:  durmuşyň  öwüşginleri
Suratkeş Tamara Kiselýowa:  durmuşyň  öwüşginleri

85 ýaşynyň toýuny Tamara Kiselýowa sergisini görmäge gelen tanyşlarynyň arasynda belledi. Olar hem suratkeşi gutlamak, hem onuň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergisini synlamak üçin bu ýere ýygnandylar. Suratkeşi gutlamaga gelenleriň  arasynda: sungatşynaslar Azat Annaýew, Oba Muhatowa, hudožnikler Saparmämmet Meredow, Natalýa Kalugina, Lýudmila Ulakina we heýkeltaraş Babasary Annamyradow  we birnäçe surat muşdaklary  bar.

Ýaş toýuny toýlaýan ezber zenanyň  adyna çeken suratlarynyň ajaýyp öwüşginleri, çogly gbneşi ýaly köp-köp mähirli gutlag sözleri aýdyldy.  

Tamara Mihaýlowna özboluşly, çolaja şäher Tejende önüp-ösdi. Entek çagaka Tamara howluda ejesine kömekleşmäge endik edipdi, ony bark urýan bägüller we gök ekinler özüne çekýärdi. Owunjak, garaja tohum dänelerini ýere sepmekde, olaryň baharda gögerip çykyşyna, iň soňunda-de kädä,  baklajana, keleme öwrülmeginde täsin bir syr bardy. Gyzjagaz her gün eline kagyz galamyny alyp bu ýere gelerdi we onuň ýüzüni hasyllaryň şekillerine bezärdi.  Gyş aýlary hasyl sowlanda bolsa ol žurnallardan gowy gören suratlaryny gaýtadan çekerdi. ...Çekerdi, çekerdi, şol  çeker-göçürer oturardy.  Reňkler  dogry saýlap alnanda adaty, ýönekeý zatlaryň düýbünden başgaça keşbe geçýändigine haýran galmak gyzjagaza çäksiz lezzet berýärdi. 

Günleriň birinde Tejene meşhur hudožnik Aýhan Hajyýew gelipdi. Şonda ejesi Tamaranyň çeken suratalaryny ussat suratkeşe görkezdi. Türkmen şekillendiriş sungatynyň kerwenbaşylarynyň biri gyzjagazyň suratlaryny synlap: «Eger-de ýadaman-ýaltanman zähmet çekmegi öwrense, onda, bu gyzjagazdan gowy suratkeş çykar» diýen sözleri aýdypdy.  

Ýöne suraty ýa-da ekerançylyk işlerini  saýlap almagyň mütdedi ýetende Tamara Mihaýlowna  barybir köp oýlanyp, ikirjeňlenipdi. Şonuň üçin hem gutaryp Aşgabada gidende, ol hem-ä şol wagtky oba hojalyk institutyna (häzir uniwersitet),  hemem çeperçilik mekdebine  arzasyny beripdi,  Gysga aýdylanda Tamara bu sowaly ykbalyň, durmuşyň çözerine goýupdy. Emma, geň galaýmaly ýeri, ol hem institutyň hem çeperçilik mekdebiniň bäsleşiginden geçmegi başarypdy. Ine, saňa gerek bolsa alada!  Ol hem instituta hem mekdebe okuwa ýetişmeli bolýardy. Birneme wagt geçensoň Tamara suraty saýlamagy özüne bähbitli saýdy, bu çözgüde megerem, ýene-de bir delil,  ýagny, mekdepde ony hut Aýhan Hajyýewiň okadýanlygy-da öz täsirini ýetiren bolsa gerek.  

Mekdebi tamamlansoň Tamara Aşgabadyň 12-nji orta mekdebinde surat we çyzuw mugallymy bolup işe başlady.  Tamara ýygy-ýygydan öz okuwçylaryny mekdebiň golaýyndaky bagyň içine surat çekmäge äkidýardi we çagalara her bir daragtyň ýa-da gülüň owadanlygynyň aýratynlyklaryny jikme-jik düşündirýärdi. Ýöne şindem onuň kalbynda bagbançylyga  höwes  ýaşaýardy, mugallym başga suratkeşiň görmeýän zatlaryny görýärdi, açan syrlaryny gysganman çagalar bilen deň paýlaşýardy. 

Tamara uzak wagtlap Aşgabadyň durmuş hyzmatlary edarasynda bezegçiniň wezipesinde işledi. Onuň çeken kartinalarynda ajaýyp hrizantemalar, gyrmyzy bägüller, çopantelpekler edil janly ýaly şemala ygşyldap seslenýärdiler. Ter, datly sary gawunlar –  hudožnigiň iň eý görýän, köp ulanýan şekilleri.  «Injir» atly kartinasynda Tamara Mihaýlowna bu agajyň owadanlygyny özüçe gormegi, onuň syýa-gögümtil reňkli hasylynyň şirin lezzetine çenli tomaşaça ýetirmegi başardy. 

 2011-nji ýylda Tamara Kiselýowanyň döredijiligi Prezidentiň baýragyna mynasyp boldy. Bu sylag ony täze üstünliklere ganatlandyrdy. 1983-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy hökmünde Şekillendiriş sungaty Muzeýinde we paýtagtyň Sergi merkezinde açylýan sergileriň hemmesine gatnaşýar. Ýaşynyň bir çene ýetendigine garamazdan, ol durmuş bilen aýakdaş ýöreýär we döredýär, gözelligi wasp edýär.    

Suratkeşiň gündelik durmuşa ruhubelentlik nazarýetinden garaýşy we öz gahrymanlaryna ýürekdeş gatnaşygy onuň:  «Eneler», «Bahar geldi», «Halk sazy asyrlarboýy ýaňlanýar», «Sazly arakesmede» ýaly eserelerinde aýdyň görünýär. 

Tamara Kiselýowanyň döredijiligi  ylhamyňy oýarýar, olar ýönekeý we ýürekdeş, çünki olara hemmelere düşnükli. 

Таmara GLAZUNOWA

Suraty: Ýuriý ŞKURINIŇKI