Ï “Aşgabat bahary” bäsleşigine onlarça gysgametražly filmler gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Aşgabat bahary” bäsleşigine onlarça gysgametražly filmler gatnaşýar

view-icon 2092

Owal habar berşimiz ýaly, ýurduň teleýaýlymlar we kinematografiýa baradaky Döwlet Komitetiniň Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan “Aşgabat bahary” filmler baýramçylygynyň guramaçylyk işleri amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan bu döredijilik gözden geçirişligi ilkinji gezek guralýar. Oňa “festiwal” diýilse-de, hakykatdan ol ýaş ssenariçileriň, aktýorlaryň we kinooperatorlaryň özara bäsleşigidir. Şonuň üçin-de biziň kino sungatynyň esasyny düzýän hünärleri agzap geçmegimiz tötänden däldir.

Çünki Birleşigiň ýolbaşçylygy zehinli dramaturglary, operatorlary, reissýorlary we aktýorlary ýüze çykarmagy bu sungat baýramynyň esasy maksatlarynyň biri hökmünde öňde goýýarlar. Bäsleşige mümkin boldugyça köp adam çekmek ugrunda kinofestiwal hakdaky maglumatlar, habarlar köpçülige ýetirilýär.

Gysgametražly çeper film žanrynda ýeňijiler üçin dürli baýraklar we sylaglar göz öňünde tutulandyr. Bäsdeşlige hödürlenýän işler HD (MP4, MHF) formatda bolmalydyr.

Häzirki günlerde ýurduň dürli künjeginden kinobirleşigiň adyna gelip gowşan onlarça gysga metražly eserler gözden geçirilýär. Olara baha bermek we bäsdeşlige hödürlemek üçin kino sungatynyň abraýly işgärlerinden ybarat ýörite topar döredildi. Kino işlerine şu ugurlar boýunça baha beriljekdir: iň gowy kinorežissýor, iň gowy ssenariçi, iň gowy kinooperator, aýal we erkek rollaryny iň gowy ýerine ýetiriji.

“Aşgabat bahary” bäsdeşliginiň netijeleri 22-nji maýda jemlener. Bir günden soň bolsa “Aşgabat” kinoteatrynda ýeňijilere ýadygärlik baýraklary we sylaglar gowşurylar. Iň gowy film ýörite baýrak bilen bellener. Guramaçylar “syr” saklamak bilen, festiwal heýkeljiginiň nähili boljakdygyny hakdaky maglumaty öňünden aýtman gizlin saklaýarlar.

“AA” habarçysy
Surat: Ýuriý ŞKURINIŇKI