Ï Demirýolçy esger Anna Araşewiň durmuş ýoly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Demirýolçy esger Anna Araşewiň durmuş ýoly

view-icon 2180

Anna Araşewi tanaýanlaryň ählisi-de onuň tutanýerlili adam bolandygyny belleýärler. Onuň Gazanjyk deposynyň ýaş hünärmenidigine garamazdan, 1967-nji ýylyň 5-nji noýabryndaky ýer titremäniň yz ýany daň bilen respublikanyň ýolbaşçylarynyň birine jaň edip, bolan hadysany habar berşini häli-häzirem ildeşleri ýatlaýarlar. Günüň ahyrynda şol ýolbaşçy işgär eýýäm betbagtçylygyň bolan ýerindedi we etrap ýolbaşçylary bilen ýygnak geçirip durka, birdenkä: “Ildeşleriniň aladasyny edip, meni düşekden turzan batyr ýigit nirede?” diýip sorady. Soňam etrap ýolbaşçylaryna: “Ine, şular ýaly aladaçyl, başarnykly ýaş ýigitleri ýolbaşçy wezipelere çekmeli” diýdi.

Söweşjeň ýoldaşlary we demirýolçy dostlary Anna Araşewiň batyrgaýlyk görkezen ýaňky ýaly ýene bir wakany ýatlaýardylar. Uruş ýyllarynda ol Moskwa okuwa iberilýär. Ol ýerde okuw döwründe demirýol işçilerine ýörite paý – azyk we sabyn berilýän eken. Depo gaýdyp gelenden soň, Anna işçilere berilmeli köp zadyň berilmeýändigini görýär. Kemçiligi ýüze çykaran wekiller bilen birlikde ol paýlaryň dogry paýlanmagyny gazanýar.     

Anna Gaplaňly oba geňeşinde garyp çopan maşgalasynda dogulýar. Durmuş kyn bolansoň kakasy maşgalasyny Gazanjyga (häzirki Bereketlä) göçürip gelýär. Şol ýerde, on bäş ýaşyndaka, Anna ilkinji gezek parowozdyr teplowozy görýär, ussanyň şägirdi bolup, depo işe girýär.     

1941-nji ýylda maşinistiň kömekçisi Araşew depodan gös-göni urşa gidýär, ýöne Döwlet Goranmak komitetiniň karary çykandan soň, ony işine gaýtaryp getirýärler. Gujurly ýaş esgeri deponyň işgärleri ýuwaş-ýuwaşdan ýolbaşçy wezipelere hödürleýärler. Dura-bara adamlar hakda alada onuň esasy işine öwrülýär. 

Agyr uruş ýyllarynda deponyň ýanynda demirýol işçileri üçin ýörite birnäçe dükanyň açylmagyny hut şonuň gazanandygy-da häzire çenli Bereketli ýaşulularyň ýadynda. BOl iş ýerinde ýatyp-turup, jan aýaman zähmet çekýän demirýolçylar üçin-de, olaryň maşgalalary üçin-de ägirt uly ýardamdy. 

Nirede işlese-de, haýsy wezipede bolsa-da, Anna hemişe halal we tutanýerli zähmet çekdi. Altmyş ýyla çeken zähmet ýolunda demirýolçy esger Araşew köp sylaga mynasyp boldy. Ol iki gezek “Hormat Nyşany” ordeni, “Zähmetde tapawutlananlygy üçin”, we “Zähmetde edermenligi üçin” medallary bilen sylaglandy.   

Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly dynç alyşda bolmak bilen, birnäçe gezek ýurduň Ýaşulular geňeşine wekil saýlanan aksakal özüniň baý zähmet we jemgyýetçilik iş tejribesini ýaşlara geçirýärdi. “Dünýä demirýolçy esger Anna Araşew ýaly gowy adamlaryň gerdeninde saklanýar” diýip, halk dogry aýdýar. 

    “AA” habarçysy