Ï Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar

view-icon 29377
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar
Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän şanly senelere — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de paýtagtymyzyň 140 ýyllygyna gabatlanylan nobatdaky makala ak mermerli Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen, abraýly halkara baýraklara mynasyp bolan binagärlik täsinliklerine bagyşlanýar.

Munuň özi ýurdumyzyň baş şäheriniň günsaýyn gözelleşýändiginiň, täsin binalar we desgalar bilen özüniň gaýtalanmajak keşbini täzeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmenistanlylar Aşgabadyň dürli ugurlar boýunça Bütindünýä rekordlar neşirine girizilendigine buýsanýarlar.

Islendik ýurduň baş şäheriniň köp babatda onuň abraýyny kesgitleýändigi, paýtagtyň myhmanlaryna döwletiň durmuş-ykdysady ösüşine, jemgyýetiň medeni we ruhy durmuşynyň derejesine baha bermäge mümkinçilik döredýändigi hemmelere mälimdir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk konsepsiýasynda esasy durmuş ugurlarynyň hem-de häzirki zamanyň möhüm ýörelgeleriniň beýan edilendigi kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Her bir türkmenistanly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyjy boýunça giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde okgunly ösýän paýtagtymyzyň keşbini halk, agzybirlik, Watan diýen müdimi düşünjelerde öz beýanyny tapýan nyşanlar bilen baglanyşdyrýar. Ozal çap edilen makalalarda bellenilişi ýaly, ak mermerli Aşgabat özüniň gözelligi, ýaşyl baglary we seýilgähleri, döwrebap awtoulag ýollary, Watanymyzyň taryhy gahrymanlarynyň heýkelleri bilen haýran galdyrýar. Paýtagtymyzdaky desgalaryň hatarynda binagärligiň we inžener-tehniki pikiriň täsin binalary az däl.

Soňky ýyllarda paýtagtymyzda her gün onuň keşbini özgerdýän hem-de Aşgabady dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwürýän täze alamatlar peýda bolýar. Bu ýerde desgalaryň köpüsi ýurdumyzyň durmuşyndaky ol ýa-da beýleki şanly senäni alamatlandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Diýarymyzda ajaýyp däp — milli baýramçylyklary, dürli maksatly desgalary ulanmaga bermek bilen garşylamak däbi peýda boldy.

Döwlet Baştutanymyz islendik desganyň we ägirt uly toplumyň taslamasy işlenip düzülende, milli binagärligiň däplerini öňdebaryjy binagärlik çözgütleri bilen utgaşdyrmagyň zerurdygyny, binalaryň inženerçilik ulgamlarynyň amatlylygynyň, uzak möhletliliginiň, howpsuzlygynyň derejesini göz öňünde tutmak bilen baglanyşykly wezipeleri öňde goýýar. Şeýle çemeleşme şäher gurluşygynda birmeňzeşlikden gaça durmaga hem-de täze döwrüň ruhuny görkezmäge mümkinçilik berýär. Paýtagtymyzyň täsin desgalarynyň ençemesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

2008-nji ýylyň iýunynda bu kitapda mynasyp orun eýeleýän desgalaryň ilkinjileriniň biri Aşgabadyň günorta böleginde dikilen, beýikligi 133 metre barabar bolan Baýdak sütünidir. Onda ululygy 52,5 x 35 metre we agramy 420 kilograma barabar bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy parlaýar.

Türkmen paýtagtynyň jemgyýetçilik ýerinde iň köp mukdardaky suw çüwdürimleriniň bitewi topluma birleşdirilen şäheri hökmünde ykrar edilmegini 2010-njy ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar.

Hususan-da, gürrüň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda dikeldilen binagärlik-heýkeller toplumy barada barýar. Bu toplumda türkmen milletiniň nesilbaşysy Oguz hanyň hem-de onuň alty ogly Gün hanyň, Aý hanyň, Ýyldyz hanyň, Gök hanyň, Dag hanyň we Deňiz hanyň şekilleri ebedileşdirildi.

Ginnesiň rekordlar kitabynda bellenilişi ýaly, 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda açylan toplum utgaşdyrylan, yşyklandyrylan hem-de doly programmalaşdyrylan, 14,8 gektar meýdany eýeleýän suw çüwdürimleriniň 27-sinden ybaratdyr. Ilki bilen, onuň göwrümi hem-de şekillendirilişiniň täsindigi haýran galdyrýar. Toplumyň ähli çüwdürimleriniň çanaklarynyň sygymlylygy 16 müň kub metr suwa barabardyr, bürünçden ýasalan heýkelleriň agramy bolsa 30 tonnadan gowrakdyr.

Onuň çylşyrymly inžener-tehniki ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu ýerde iň täze tehnologiýalar, şol sanda Gün energiýasyny peýdalanmak bilen bagly tehnologiýalar ulanyldy.

Oýlanyşykly kompýuterleşdirilen dolandyryşyň netijesinde, paýtagtymyzyň ilaty we myhmanlary islendik wagtda toplumyň gözelligine syn edip bilerler. Bu toplumda ägirt uly heýkelleriň täsinligi Günüň şöhlesine, agşam çagy bolsa dürli reňkli çyralaryň yşyklaryna öwşün atýan suw çüwdürimleri bilen özboluşly sazlaşygy döredýär.

Türkmenleriň nesilbaşysy Oguz hanyň ýyldyzynyň şekiliniň döwlet nyşanlarynda, häzirki zaman milli binagärlikde, sungatda we bezeglerde mynasyp orun eýeländigini bellemeli. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylan “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň esasy binagärlik aýratynlygyna öwrülen Oguz hanyň ägirt uly ýyldyzy bu dowamatlylygyň hem-de ata-babalarymyzyň mukaddes hakydasynyň, milli gözbaşlara wepalylygyň ýene-de bir aýdyň beýanyna öwrüldi.

2011-nji ýylyň oktýabrynda bu desgadaky ýyldyzyň şekili Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäde iň uly şekil hökmünde ykrar edildi we ol degişli halkara güwänama bilen tassyklanyldy. Teleradioýaýlymlar merkeziniň kuwwatly antennasyny hem hasaba alanyňda, onuň umumy beýikligi 211 metre barabardyr. Özboluşly inženerçilik-tehniki desga Aşgabadyň günortasynda, Köpetdagyň etegindäki baýryň gerşinde bina edildi. Munuň özi täze desgany paýtagtymyzyň islendik ýerinden we şäheriň eteklerinden görmäge mümkinçilik döretdi. Belent başly telediňi bolan sekizburçly bitewi ýyldyz gündizlerine Gün şöhlesine ajaýyp öwşün atýar, garaňky gatlyşanda bolsa binanyň döwrebap yşyklandyrylyşy onuň gözelligini artdyrýar.

Soňky 30 ýylyň dowamynda gurlan şeýle desgalaryň hatarynda paýtagtymyzdaky teleradioýaýlymlar merkeziniň diňe bir iň ulularynyň biri däl, eýsem, dünýäde deňiz derejesinden has beýikde ýerleşýänleriň biridigini bellemek gerek.

Şunuň bilen birlikde, 2012-nji ýylda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň hem-de “Bagt köşgüniň” «International Property Awards Europe» bäsleşiginiň “Jemgyýetçilik desgalarynyň binagärligi” ugry boýunça ýokary baýraklaryna mynasyp bolandygyny bellemelidiris. Bu iki täsin desga dünýäniň dürli döwletlerinden hödürlenen taslamalaryň 1000-siniň arasynda halkara baýraklara mynasyp boldy.

Paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalarynyň hatarynda 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda açylan “Älem” medeni-dynç alyş merkezi hem bar. Täze toplum paýtagtymyzyň keşbine özboluşly alamatlary bilen goşulyşyp, Aşgabadyň günortasyndaky binagärlik görnüşiniň üstüni ýetirdi. Gümmezi bilen bilelikde umumy boýy 95 metre ýetýän bu uly bina basgançakly piramidany ýatladýar, şunda synlamak üçin niýetlenen daşky aýlawy 57 metre ýetýän syn ediş çarhy ornaşdyrylypdyr. Häzirki wagtda synlamak üçin niýetlenen bu çarh dünýäde şunuň ýaly desgalaryň iň ulusy hasaplanýar.

Oguz hanyň ýyldyzydyr milli göller görnüşinde çeperçilik taýdan göwnejaý bezelmegi netijesinde, polatdan edilen äpet desga diýseň owadan we howalanyp görünýär hem-de 17 metrlik gümmezli Gün sagadynyň äpet uly siferblatyny ýatladýar. Ýöriteleşdirilen enjam kabinalaryň içinde oňaýly ýagdaýy saklamaga mümkinçilik berýär.

2013-nji ýylyň maýynda Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýere iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi türkmen paýtagtynyň soňky 20 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň hakyky “merjenine” öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Şunuň bilen birlikde, bu dünýä rekordynyň goýulmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak mermerli şäheriň binagärlik keşbini täzelemek we döwrebaplaşdyrmak baradaky strategiýasynyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Ýurdumyzyň baş şäheri özüniň ajaýyplygy hem-de gaýtalanmajak gözelligi bilen haýran galdyrýar.

Dünýä rekordlarynyň täsin sanawynyň üsti 2016-njy ýylyň sentýabrynda açylan Aşgabadyň Halkara howa menzili bilen ýetirildi. Bu desga binagärlik aýratynlygy — esasy ýolagçy terminalynyň ýokarsynda iň uly haly gölüniň (705 inedördül metr) şekillendirilmegi netijesinde, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmäge teklip edildi.

Mundan başga-da, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça gurlan hem-de täsin binagärlik keşbine eýe bolan Aşgabadyň Halkara howa menzili “International Property & Travel” gozgalmaýan emläk hem-de syýahatlar hakyndaky halkara neşiriniň “Construction Excellence Award” sylagy bilen sylaglanyldy. Bu waka iri we çylşyrymly desganyň ajaýyp binagärlik konsepsiýasynyň, taslamasynyň hem-de gurluşygynyň hiliniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky mysaly boldy.

Aşgabadyň Halkara howa menzili kuwwatly taslamanyň aýdyň mysalydyr we özüniň simwolik häsiýeti, iň häzirki zaman tehnologiýalary hem-de özboluşly gözelligi üçin “Business Initiative Directions” guramasy tarapyndan “International Star Award for Quality” sylagyna mynasyp görüldi. Howa menziliniň hil babatda halkara baýraga mynasyp bolmagynyň esasy aýratynlyklary bardyr. Olar üýtgeşik nyşan: gazanylan üstünlikleriň, hiliň we rowaçlygyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi hökmünde al-asmana göterilmek üçin ganat ýaýan guşuň keşbine eýe bolan howa menziliniň binasy; öňdebaryjy tehnologiýalary: toplumyň Airbus A3 80 we Boeing 747-8 ýaly uly gabaraly, iki gatly ýolagçy howa gämilerini kabul edip bilýän, 350 müň inedördül metrlik ýapyk meýdanda, sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmek ukyby bilen baglanyşyklydyr.

Aşgabadyň Halkara howa menzili hakyky merjendir. Raýat gurluşygy ulgamynda batyrgaý we ajaýyp çözgüt ony dünýäniň beýleki howa menzilleriniň arasynda tapawutlandyrýar hem-de täsin görnüşleriniňdir wezipesiniň sazlaşykly utgaşmasy hökmünde ony öňdäki hatara çykarýar.

Hakykatdan-da, bu desga diňe bir göwrümi däl, eýsem, gerimi hem-de bezegi bilen hem haýran galdyrýar. Özüne 190 desgany birleşdirýän aerowokzal toplumy 1200 gektar meýdanda ýerleşýär.

Umumy meýdany 192 müň inedördül metre golaý bolan ýolagçy terminalynyň bäş gatly binasynyň içki bezegi hem örän täsindir. Jadyly agaçlara çalymdaş, oňat bezelen sütünler, palmalar, güller, owadan panno we beýlekiler aýratyn täsir galdyrýar.

Hyzmat etmek babatda Aşgabadyň Halkara howa menzili aeronawigasiýa düzüminiň ösdürilmegine we ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmaga täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, dünýäde ykrar edilen öňdebaryjy howa menzilleri bilen mynasyp bäsleşýär.

Diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, onuň çäginden uzakda hem deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň desgalary 2017-nji ýylyň awgust aýynda Bütindünýä neşirine girizilen nobatdaky desgalar boldy. Gowşurylan güwänama laýyklykda, «Aşgabat» Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän bedewiň çeper keşbi dünýäde atyň iň uly binagärlik nyşany, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz hökmünde ykrar edildi.

2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy nyşany — bedewiň çeper-monumental keşbi şol görnüşiň gaýtalanmajak binagärlik alamatyna öwrüldi. Bu ajaýyp keşpde «Aziada — 2017-niň» ähli pikir konsepsiýasy, Türkmenistanyň belent maksatlara, dünýäde parahatçylyga hem-de halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, durmuşyň baş baýlygy hökmünde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge okgunlylygy jemlenendir.

Ginnesiň rekordlar kitabynda bellige almak üçin geçirilen ölçeglere laýyklykda, atyň şekiliniň beýikligi 40,05 metr (131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy 37,69 metr (123 fut 7, 9 dýuým) hem-de ini 40,24 metrdir (132 fut 0,6 dýuým). At bilen birlikde, oýunlaryň alawynyň çanagy hem belentlikde ýerleşýär. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça türkmenleriň däp bolan üzärliginiň dessesi görnüşinde bezeldi. Rowaçlygyň hem-de goramagyň tumarynyň wezipesini alaja ýerine ýetirýär. Ol alawyň çanagyny we bedewiň boýnuny bezeýär.

Ýokarda bellenilişi ýaly, ikinji güwänama Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi mynasyp boldy. Ol Bütindünýä neşiri tarapyndan halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz hökmünde ykrar edildi.

Suw toplumynda bir wagtyň özünde 5 müň tomaşaçy suwda ýüzmek we suwa bökmek boýunça ýaryşlara tomaşa edip biler. Toplumyň içinde ýaryşlary geçirmek we türgenleri taýýarlamak üçin niýetlenen dürli ölçegdäki howuzlaryň 4-si ýerleşdirildi. Olaryň umumy meýdany 4 müň 976,65 inedördül metre (53 568 inedördül fut) deň boldy. Täze desganyň düzümine, şeýle hem sport terapiýasynyň meýdançasy, sport-sagaldyş zaly, oňaýly egin-eşik çalşyrylýan otaglar hem-de türgenler üçin dynç alyş otagy, ilkinji lukmançylyk kömegini berýän bölüm girýär. Bulardan başga-da, taslamada restoran, kafe, birnäçe garbanyşhana göz öňünde tutuldy.

“Aziada — 2017” oýunlarynyň dostlugyň, saglygyň we ruhubelentligiň, türkmen halkynyň ylalaşdyryjylyk maksatlarynyňdyr myhmansöýerliginiň dabaralanmasy bolandygy bellärliklidir. Ginnesiň rekordlar kitabynda bellige alnan ajaýyp Olimpiýa şäherçesi bolsa ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligi we buýsanjy bolup, geljek nesillere hyzmat eder.

Makalamyzy jemläp, 30 ýyllyk şanly senesi “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şahyrana hem-de simwolik keşbiniň Aşgabadyň binagärliginde köpöwüşginlilik hem-de açyklyk bilen öz beýanyny tapýandygyny nygtamak gerek. Esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny baýram edýän ak mermerli paýtagtymyzyň keşbi günsaýyn gözelleşip, ynsanlaryň ruhubelentligine hem-de joşgunly döredijiligine beslenýär.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň gözelligi türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrülip hem-de myhmanlary haýran galdyryp, Diýarymyzdaky oňyn durmuş-ykdysady özgertmeleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhubelentligini alamatlandyrýar. Bu gün dünýäniň iň ajaýyp, has oňaýly we okgunly ösýän megapolisleriniň birine öwrülýän türkmen paýtagtynyň öňünde giň mümkinçilikler açylýar. Dünýä bileleşiginiň, onuň işewür, syýasy, medeni we ylmy toparlarynyň Aşgabada gyzyklanmasy barha artýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň özboluşly ýüzi, onuň buýsanjy we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy hasaplanýan paýtagtymyzy — ak mermerli Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmäge ägirt uly ähmiýet berilýändigini belläp, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilýän ýurdumyzyň baş şäheriniň hemmetaraplaýyn özgerýän hem-de okgunly ösüşiň we rowaçlygyň ýoluna düşen türkmen topragynyň hemişe-de mynasyp ýüzi bolandygyny, şeýle bolmagynda-da galjakdygyny nygtaýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi