Ï Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni

view-icon 4264
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni
Milli teatr bäsleşiginiň ikinji güni

Milli teatr festiwalynyň ikinji gününiň başlanyşy barada biz eýýäm gürrüň berdik. Indi bolsa ýene iki türkmen teatrynyň gyzykly sahna işi bilen tanyşdyrmak isleýäris.

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatry wideo-formatda “Parasatly üç akyldar” atly täze oýnuny görkezdi. Bäsleşige getirilen beýleki çeper işlerden tapawutlylykda, onda wakalar biziň döwrümizde agzybir ýaşaýan maşgalada bolup geçýär. Bu maşgalada her kim şeýle bir öz işine gümra welin, käte eneleriniň doglan gününi-de unudaýýarlar...

Ýöne bu maşgalanyň galjaň hem ugurtapyjy Orazgül  atly agtygy bar. Ussat çapyksuwarlygy arzuw edýän bu gyz enesine juda mährem. Enesiniň näsaglandygyny agalarynadyr ýeňňelerine habar beren-de hut şol. Garyndaşlary bar işini goýup, ýaş toýy tutulmaly enäniň öýüne ýygnanýarlar... 

Täze sahna işi – ululara hormat goýmak, maşgala gymmatlyklary we möhüm ahlak häsiýetleri barada söhbet açýar. Bu rowaýaty oýnuň režissýory – Gaýyp Jumaýew, baş rollarda bolsa enäniň we agtygyň keşbini ussatlarça ýerine ýetiren Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowa bilen aktrisa Dursun Taganowa çykyş edýärler.

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň sahnalaşdyran “Alpnama” oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy.

... Soltan, jahany görmek we özüni görkezmek maksady bilen, deňizde syýahata çykmak hyýalyna düşýär. Ol bular ýaly syýahatlarda öňünden bilip bolmajak, duýdansyz howplaryň bardygyny duýduran wezirleriniň maslahatyna gulak asmaýar. Aýdylyşy ýalam bolýar: soltan ähli wezir-wekilleri bilen garakçylaryň eline düşýär. Soltanyň betbagtlyga uçranlygyny batyr ýigit Alptegin bilmedik bolsady, onda, bu wakanyň nähili gutarjagy hiç kime belli däl. Ýigit we onuň üç dosty: suratkeş, sazanda we küştçi soltany halas etmegi ýüregine düwýärler-de,  gorky-gypynçsyz garakçylaryň sürenine aralaşýarlar. 

Dostlar garakçylaryň ünsüni sowýarlar, Alptegin bolsa duşmanyň sürenini içinden jikme-jik öwrenip, garakçylardan üstün çykýar, soň galtamanbaşyny ýesir alyp, zyndana salýar. Soltan we wezir-wekiller halas bolýarlar. Ýagşylyk we adalat dabaralanýar.

Soltany halas etmekden owal, nätanyş gözeli gaplaňdan halas eden Alpteginiň roluny Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew ussatlarça ýerine ýetirýär.

Köptaraply ägirt uly sahna suratyny döreden suratkeşler Aýnazar Batyrow bilen Myrat Öräýewiň döredijilik zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Tamara GLAZUNOWA

Suratlary düşürenler: Alekseý GIMALITDINOW, Meretdurdy ROZYÝEW, Wiktor TOHTAÝEW