Ï Daşoguzda ekologiýa çäresi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzda ekologiýa çäresi geçirildi

view-icon 1528
Daşoguzda ekologiýa çäresi  geçirildi
Daşoguzda ekologiýa çäresi  geçirildi
Daşoguzda ekologiýa çäresi  geçirildi
Daşoguzda ekologiýa çäresi  geçirildi
Daşoguzda ekologiýa çäresi  geçirildi
Daşoguzda ekologiýa çäresi  geçirildi
Daşoguzda ekologiýa çäresi  geçirildi
Daşoguzda ekologiýa çäresi  geçirildi
Daşoguzda ekologiýa çäresi  geçirildi
Daşoguzda ekologiýa çäresi  geçirildi

Ýurtda welosiped hereketiniň giň gerim almagyna gönükdirilýän ekologik çäreleriň we köpçülikleýin işleriň çäginde demirgazyk sebitiň merkezinde welosiped ýörüşi geçirildi. Oňa dürli önümçilik edaralaryndan, jemgyýetçilik we sport guramalaryndan sagdyn durmuş ýörelgesiniň muşdaklarynyň ýüzlerçesi gatnaşdy. “Daşoguz” myhmanhanasynyň ýanyndan başlanan welosiped ýörüşiniň ugry şäheriň merkezi köçelerinden geçdi.   

Tutuş ýurtda bolşy ýaly,  demirgazyk welaýatda-da welosiped hereketiniň muşdaklarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Bu  ekologiýa medeniýetiniň ösmegine  we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň halk köpçüligine ýaýradylmagyna ýardam edýär. 

Sebitde döwlet tarapyndan  gurlan häzirkizaman stadionynlarynyň 15-si, çagalar-ýetginjekler sport mekdeplerini 29-syny özünde jemleýän ösen düzümleýin amatlyklary welaýatda bedenterbiýäni we sporty hil taýdan täze derejä çykarmaga mümükinçilik berdi. Türkmenistanyň demirgazygynda welosiped sporty hem  köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, sportuň ilhalar görnüşine öwrüldi. Daşoguzly türgenleriň birnäçesiniň şu ýyl Aşgabatda geçjek welosiped ýaryşy boýunça dünýä çempionatyna ýurduň ýygyndy toparynyň düzüminde gatnaşmagy-da  muňa şaýatlyk edýär. Şu gün häzirkizaman sport toplumynda   jogapkärli we abraýly ýaryşlara taýýarlyk görýän welosipedçileriň nobatdaky türgenleşigi geçirildi.  

Bu sport çäresi tamamlanandan soň, şäheriň merkezindäki Magtymguly meýdançasynda Daşoguz welaýatynyň sungat ussatlarynyň konserti, şeýle hem türgenleriň gyzykly we özüne çekiji çykyşlary boldy. Seýilgählerde we ýaşyl zolaklarda  bag-bakjalary timarlamak işleri alnyp baryldy. 

Batyr ÖRÄÝEW

Surata düşüren: Ilaman ÖWEZOW