Ï Resmi habar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habar

view-icon 2131

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we netijeli geçirmekleri üçin has amatly şertleri döretmek, olaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek hem-de dynç alýanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkezi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Şeýle hem resminama bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndadynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkezi hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;

Balkan welaýatynyň häkimligi hem-de degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde 2021-nji ýylyň 1-nji iýuny-1-nji sentýabry aralygynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň dynç alşyny guramagy üpjün etmek tabşyryldy.