Ï «Mekan» köşgündäki çäre «Ak şäherim Aşgabat» kitaby bilen tanyşdyryşlar tapgyryny dowam etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Mekan» köşgündäki çäre «Ak şäherim Aşgabat» kitaby bilen tanyşdyryşlar tapgyryny dowam etdi

view-icon 1877

Paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň  «Ak şäherim Aşgabat»  kitaby bilen tanyşdyryş dabarasyny  geçirildi. Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň guran çäresine wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Dabaraly çärede türkmen halkynyň taryhyna we däp-dessurlaryna, häzirki döwürde gazananlaryna bagyşlanan sergi guraldy. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň  eserleri hormatly orun tutdy.

Tanyşdyrylyşda çykyş edenler Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň kaşaň keşbinde ýurduň Garaşsyzlyk ýyllary gazanan uly möçberli üstünlikleriniň, şeýle hem türkmen halkynyň döredijilik gujur-gaýratynyň öz beýanyny tapandygyny bellediler. Aşgabadyň özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýan binalarynyň ençemesi Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi.

Paýtagtyň ýubileýine ajaýyp sowgat bolan türkmen Lideriniň täze kitabynyň çapdan çykmagy okyjylar köpçüligine Aşgabadyň  taryhynyň wajyp sahypalary bilen tanyşmaga, özgertmeler depginini duýmaga, ýurduň baş şäheriniň geljegini görmäge  mümkinçilik berýär.

Dabaraly çäre Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň paýtagty ak mermer Aşgabada söýgüsini aýdym-saz we şygyr dilinde beýan eden sahna ussatlarynyň çykyşlary bilen jemlendi.