Şenbe gününiň säher çaglarynda paýtagtymyz Aşgabadyň “Altyn Asyr” söwda merkezine gelen alyjylara täze modaly lybaslar görkezildi. Bu tanyşdyryş tomaşasy olarda ýakymly täsir galdyrdy. Aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň döwrebap geýimleri satyn almak üçin gelýän iki gatly “Altyn Asyr” söwda merkezi hemişe köp adamly. Şenbe güni bu ýerde Aşgabadyň 140 ýyllygyna gabatlanyp modalaryň hakyky “mahabattlandyryş görkezilişi” geçirildi.
Onda Türkmenistanyň dokma ministrliginiň we “Mähirli zenan” hususy moda öýüniň dizaýnerleriniň dürli stilde taýýarlan lybaslary görkezildi.
Täze modalar sergisinde zenanlaryň gündelik we baýramçylyk dabaralarynda geýmäge höwes edýän lybaslary, kaşaň eşikleri söýýän kiçi ýaşlylaryň eşikleri hem-de erkek kişileriň penjekleridir jalbarlary-da görkezildi. Türkmen dizaýnerleriniň we tikinçileriniň täzeçe biçüwlerde we ölçeglerde taýýarlan lybaslarynda reňkleriň dürli öwuşginleri utgaşykly sazlaşdyrylypdyr. Şunuň ýaly-da akssesuarlar –olaryň üstüni ýetirýän serenjamlar hem köplügi we dürli-dürlidigi bilen tapawutlanýar.
Aýal-gyzlara we erkek kişilere möwsüme laýyklykda hödürlenýän hünjüdir we tomagalar bilen bezelen, ýeňleri we boýlary boldan, giňden biçilen ýeňil geýimler! Eýsem-de bolsa, bu täzelikleriň ählisini milli medeniýete we döwrebap stile kybapdaşlyk birleşdirýär. Hünjüleriň keşdepisint bezelşinde türkmen nagyşlarynyň nusgalary göze ilýär, hat-da “kebelek” diýilýän erkek galstugy-da milli däpleri göz öňünde tutulyp ýerine ýetirilipdir.
Bu ýere Gündogaryň gözelligini synlamaga gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Klimou-da şenbe günündäki milli moda görkezilişine ýokary baha berdi.
Swetlana ÇIRSOWA
Suratçy: Ýuriý ŞKURIN