Ï Eýranyň demirgazygynda ýerleşen Gülüstan welaýatynyň Medeniýet we yslam gatnaşyklary müdirliginiň başlygynyň orunbasary Ahmet Golçin beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna medeni we magaryf çäreleriniň guraljakdygyny aýtdy, – diýip, Eýranyň “
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eýranda Magtymgulynyň aramgähiniň öňünde medeni çäreler geçiriler

view-icon 3406

Eýranyň demirgazygynda ýerleşen Gülüstan welaýatynyň Medeniýet we yslam gatnaşyklary müdirliginiň başlygynyň orunbasary Ahmet Golçin beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna medeni we magaryf çäreleriniň guraljakdygyny aýtdy, – diýip, Eýranyň “Shabestan News Agency” (Şäbestan Nýus Eýjensi) agentligi habar berýär.

Ahmet Golçin “Shabestan News Agency” habarlar agentliginiň Gürgendäki (Gülüstan welaýatynyň dolandyryş merkezi) habarçysyna penşenbe güni, ýagny 20-nji maýda Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli çäre geçirmegiň meýilleşdirilendigini aýtdy. Bu çäre beýik akyldar şahyrlar Magtymguly Pyragynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň jaýlanan ýeri bolan Aktokaýda geçiriler.

Medeniýet we yslam gatnaşyklary müdirliginiň başlygynyň orunbasarynyň aýtmagyna görä, bu ýyl koronawirus zerarly sanitar-epidemiologiýa talaplaryna laýyklykda geçiriljek bu dabara gatnaşjaklaryň sany çäklendiriler.

Dabarada Gülüstan welaýatynyň häkiminiň we Medeniýet hem yslam gatnaşyklary guramasynyň müdirliginiň başlygynyň we beýlekileriň çykyş etmegine garaşylýar. Medeni çäräniň çäklerinde Magtymgulynyň goşgulary okalar, onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan sahna oýny görkeziler, artistleriň çykyşlary bolar we bu tema degişli sergi guralar.

Golçin 19-njy maýda Gülüstan welaýatynyň Medeniýet we yslam gatnaşyklary Baş müdirliginiň goldamagynda Magtymguly Pyragy instituty tarapyndan guralan ýene bir çäräniň, ýagny, ylmy maslahatyň meýilleşdirilendigini-de aýtdy.

Golaýda Eýranda Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň çapdan çykandygyny-da aýtmak gerek. Bu goşgylar ýygyndysyny türkmenleriň kowçum ýaşaýan ýeri Gülüstan welaýatynyň alty adamdan ybarat edebiýatçylar topary taýýarlapdyr.

Janmämmet GULAMOW