Eýran Yslam Respublikasynda (EYR) beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragyny hatyralama dabarasy bolup geçdi. Gülüstan welaýatynyň Kümmethowuz şäherinde Magtymgulynyň ýadygärligi uly dabara bilen açyldy. Ony döretmäge şäher munisipaliteti serişde goýberipdir.
EYR-nyň döwlet maglumat agentliginiň (IRNA-nyň) berýän habaryna görä, 19-njy maýda Kümmethowuz şäherinde akyldar şahyr Magtyymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan ylmy-maslahat bolup geçdi. Gülüstan welaýatynyň Medeniýet we yslam gatnaşyklary boýunça Baş müdirliginiň goldawy bilen bu maslahatyň guramaçysy Magtymguly Pyragy instituty boldy. Maslahatyň guramaçylyk komitetine ýurduň dürli künjeginden iberilen 50-den gowrak makala gelip gowuşdy.
Gülüstan welaýat häkiminiň orunbasary Ehsan Mäktäbi öz çykyşynda Magtymgulynyň aň-bilim ýaýratmakdaky uly hyzmatlaryny belläp geçdi. “Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň hakyky manysyna, onuň ynsanperwer filosofiýasynyň çuňlugyna düşünmek üçin, türkmen dilini öwrenip, olary asyl dilde okamak gerek” diýip, Mäkdäbi aýtdy.
EYR-iň Daşary işler ministrliginiň Gülüstan welaýatyndaky wekilhanasynyň başlygy Zulfikar Ämirşahi Magtymgulyny milli birligiň ündewçisi diýip atlandyrdy we: “Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň hakyky ýüzi onuň watanperwerlik düşünjelerindedir” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
20-nji maýda Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabara beýik akyldar şahyrlar we Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň jaýlanan ýerinde – Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda dowam etdirildi. Oňa welaýat häkimi Hadi Hagşenasi, EYR-iň Mejlis wekilleri, alymlar we edebiýatçylar, şeýle hem ýerli ilat gatnaşdy.
Çykyşlarda bellenişi ýaly, nusgawy türkmen diliniň esasyny goýujy, ynsansöýüji hem watanperwer Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek we halk arasynda giňden ýaýratmak dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan türkmen halkynyň öz ene dilini we medeni däp-dessurlaryny gorap saklamagyna ýardam edýär.
Janmämmet GULAMOW