Ï Aşgabady wasp edip: Daşoguzda baýramçylyk aýdymlary aýdylyp, sazlary çalyndy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabady wasp edip: Daşoguzda baýramçylyk aýdymlary aýdylyp, sazlary çalyndy

view-icon 3158

Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň «Dessan» skripkaçylar toparynyň täze aýdym-sazly çykyşlary Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlandy.

Kirişli saz gurallar bölüminiň okuwçylary aýdymçylardyr hem-de pianinoçylar bilen bilelikde dünýä we milli saz genji-hazynasyndan eserleri ýerine ýetirdiler. Konserti Nury Halmämmedowyň, Bulat Mansurowyň «Şükür bagşy» filmine ýazan sazy açdy. Meşhur kompozitoryň bu ýürek gobsundyryjy kinoeser üçin heniz talyplyk döwründe döredip, soň Çingiz Aýtmatowyň «türkmen saz medeniýetine şöhrat getirýän, toslanyp tapylmadyk durmuş mukamy» diýip baha beren bu sazy ençeme kinobäsleşiklerinde abraýly halkara baýraklaryna mynasyp boldy.

Tomaşaçylary yhlas bilen çalynýan sazlar gurşap aldy we özboluşly milli heňleriň skripkada şirin ýaňlanýan owazlary bu ýere ýygnananlary jadylady. Bu çykyşlaryň sanawyna şeýle hem Georgiý Swiridowyň walsy, Aman Agajykowyň romansy, «Titanik», «Oýunjaklar» we beýleki kinofilmlerden sazlar girizildi.

Aşgabada bagyşlanan konsert M.Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň uçurymy, ýaş kompozitor M.Annamyradowyň şahyr S.Muhamowyň sözlerine döreden «Aşgabat tansy» atly aýdymy bilen jemlendi. Bu aýdymy «Türkmeniň altyn asyry» atly milli döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi Mährijemal Kakabaýewa ýerine ýetirdi.

Mekdebiň mugallymy Faýzulla Ýuldaşowyň ýolbaşçylyk edýän «Dessan» skripkaçylar topary täze gözleglere ymtylýanlygy we ýadawsyz işjeňligi bilen tutuş welaýatda giňden tanalýar. Zehinli kollektiwiň çykyşlaryny klassiki-nusgawy we häzirki zaman kompozitorlaryň meşhur sazlary düzýär.

Batyr ÖRÄÝEW