28-nji maýda Moskwada Aleksandr Solžinisyn adyndaky merkezi öýünde Moskwadaky Türkmen medeniýeti jemgyýeti tarapyndan guralyp, Aşgabadyň 140 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň doglan gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresi geçer.
Bu dostluk çäresini türkmen halkynyň özboluşly däp-dessuryna, medeniýetine, taryhyna we häzirki döwürde gazananlaryna bagyşlanan surat sergisi açar.
Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky Halkara sungat festiwalynyň goldawy bilen guraljak uly baýramçylyk konsertine M.I.Glinka adyndaky wokalçylaryň halkara bäsleşiginiň laureaty Batyr Alyýew, Russiýanyň at gazanan artisti, Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” halkara bäsleşiginiň baş emini, häzirki zaman kompozitorlaryň birnäçe eserini skripka üçin täzeden işlän Leonar Dmiterko, “Dutaryň owazy” bäsleşiginiň laureaty – “Arpejio” skripkaçylar ansambly gatnaşar.
Türkmen tansynyň özboluşly öwüşginini we depginli ritmini türkmen talyplarynyň döreden “Garagum” folklor ansambly görkezer. Çäräniň çäginde sahnadan Magtymgulynyň poeziýa muşdaklarynyň ençeme neslini birleşdirýän şygyrlary ýaňlanar.
Roman TEPLÝAKOW