Özbegistanyň Gahrymany Abdylla Arypowyň türkmen dilinde neşir edilen saýlanan eserleriniň tanyşydyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabarany Türkmen milli medeni merkeziniň ýerli wekilligi şahyryň dogduk diýary Kaşgaderýa oblastynda guraldy.
Oňa – Özbegistan Respublikasynyň Ministriler Kabinetiniň ýanyndaky halkara we daşary ýurtlar bilen dostluk gatnaşyklary baradaky Komitetiň, Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasynyň, Kaşgaderýa oblastynyň ýolbaşçylygynyň wekilleri, talyplar we HBS-niň işgärleri gatnaşdylar. Olar Özbegistanyň Gahrymany Abdylla Arypowyň ýadygärliginiň paýasyna ter gül desselerini goýdular. Soňra Özbegistanyň halk şahyrynyň adyny göterýän mekdebiň muzeýinde saklanýan onuň durmuşyna we döredijiligine degişli foto-wideomateriallar hem-de beýleki eksponatlar bilen tanyşdylar.
Tanyşdyryş dabarasyny Kaşgaderýa oblastynyň häkiminiň orunbasary R.Ýuldaşew açdy. Ol köküni gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki döwürde täze derejä galandygyny belledi. R.Ýuldaşew şahyr Abdylla Arypowyň şygyrlarynyň türkmen diline geçirilmeginiň iki goňşy halkyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkemegine uly goşant goşýandygyny nygtap aýtdy.
Öz nobatynda türkmen Ilçisi hem: «Özbek şahyrynyň goşgularynyň türkmen dilinde neşir edilmeginiň meşhur edebiýatçynyň baý döredijilik mirasyny türkmen jemgyýetine ýakyndan tanyşdyrmaga, umuman alanyňda goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine kömek eder» ─ diýip, belledi.
Duşuşygyň soňunda Abdylla Arypowyň goşgularyna döredilen aýdymlar aýdyldy.
Аýjahan ATABALLYÝEWA