Ï HHR-yň kompaniýasy «Galkynyş» gaz ýatagynda täze guýylaryň gurluşygyna halkara bäsleşiginde ýeňdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

HHR-yň kompaniýasy «Galkynyş» gaz ýatagynda täze guýylaryň gurluşygyna halkara bäsleşiginde ýeňdi

view-icon 3109

Hytaýyň «CNPC Chuanging Drilling Engineering Company Ltd» kompaniýasy dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri «Galkynyş» ýatagynda täze guýylaryň gurluşygy boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça halkara bäsleşiginde ýeňdi. Bu barada hökümetiň wideoragatnaşygy arkaly mejlisinde Türkmensitanyň ýangyç-energetika toplumy boýunça wise-premýeri Şahym Abdrahmanow habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň yglan eden «Galkynyş» ýatagynda täze guýylaryň gurluşygy boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça halkara bäsleşiginde Hytaýyň «CNPC Chuanging Drilling Engineering Company Ltd» kompaniýasy ýeňdi.

Taslama 30 aýa niýetlenendir, 2007-nji ýylda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda kompaniýanyň hyzmatlary üç ýylyň dowamynda HHR-a tebigy gaz iberilmeginiň hasabyna töleniler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze uglewodorod ýataklaryny, şol sanda dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri «Galkynyş» gaz ýatagyny çalt depginlerde senagat taýdan özleşdirmegi işjeňleşdirmelidigini belledi.