Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry Döwlet simfoniki orkestriniň, horunyň we solistleriň gatnaşmagyndaky konserte gelen adamlardan ýaňa hyryn-dykyndy.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow fortepianoda S. Prokofýewiň 7-nji sonatasynyň birinji bölümini joşgunly ýerine ýetirdi. Ol şeýle hem türkmen kompozitory Weli Muhadowyň «Improwizasiýasyny» ussatlarça çaldy.
Jaz aýdymlarynyň aýdymçysy hökmünde tanalýan Maýsa Nyýazowa liriki aýdymlary aýtmaga hem ökde ekeni. Ol A.Pahmutowanyň «Mähir» diýen aýdymyny ýerine ýetirdi.
Kakajan Haldurdyýewiň aýtmagynda A. Pahmutowanyň «Biz neneň ýaşdyk şol döwür» aýdymyny tomaşaçylar şowhunly el çarpmalar bilen mübäreklediler.
Agşam Kakajan Haldurdyýewiň orkestr we hor bilen bilelikde ýerine ýetiren Dawid Tuhmanowyň meşhur »Ýeňiş güni» aýdymy bilen jemlendi.
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň geňeşçisi Konstantin Şlykow watanperwerlige, sözüňe we işiňe wepalylyga çagyrýan aýdymyň ummasyz ähmiýeti barada gürrüň berdi.
Bu üýtgeşik täsirli konserti Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we Aşgabatdaky Rus Öýi guradylar.
Tamara Glazunowa
Surata düşüren Ýuriý Şkurin