Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, yhlasly okamaklary, mynasyp dynç almaklary, döredijilik işleri we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Tomus paslynyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, okuw ýylyny tamamlan körpeler üçin gapylaryny giňden açan Gökderäniň sapaly jülgesindäki çagalar dynç alyş merkezlerinde hem çagalaryň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmekleri üçin dürli çäreler geçirilýär.
Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş merkezi we dynç alyş öýünde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) guramagynda Halkara neşekeşlige we neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş güni mynasybetli sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmak mowzugy boýunça çagalaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça Agentliginiň (USAID), şeýle hem «Keýikokara» jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri gatnaşdylar. Çagalaryň suratlarynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän şekiller ussatlyk bilen şekillendirmekleri, olaryň bäsleşige taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Çäräni guraýjylar tarapyndan ýeňiji bolanlara gymmatbaha sowgatlar gowşuryldy. Çäräniň soňy sport ýaryşlary bilen utgaşdy.
Azady Myradow