Ï Garagumuň gaýtalanmajak jadysy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garagumuň gaýtalanmajak jadysy

view-icon 3500

Garagum Merkezi Aziýada iň uly sähralaryň biridir. Ol Türkmenistanyň meýdanynyň takmynan 3/4 bölegini tutýar. Umumy meýdany 350 müň inedördül kilometrden gowrak bolan bu sähra Italiýa ýa Beýik Britaniýa ýaly döwletlerden-de uludyr.

Alymlar onuň ösümlik dünýäsiniň, geologik gurluşynyň we topragynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, Garagum sährasyny Zaunguz Garagumy, Merkezi Garagum we Günorta-Gündogar Garagum diýen ýaly böleklere bölýärler.

Zaunguz Garagumy million ýyl mundan ozal döräpdir. Bu, etrabyň iň gadymy we iň gaba bölegi beýleki iki bölekden 40-50 m beýikdir.

Bu ýerdäki ýerasty suwlar, esasan, şordur, şonuň üçin öri meýdanlary sebitde kän bir netijeli ulanylmaýar, bu ýerleriň howasy-da Garagum sährasynyň beýleki ýerlerine garanyňda, has gazaplydyr. Demirgazyk-günbatarda ol Günbatar Uzboýyň ganymat saklanan egrem-bugram gadymy hanasy, günortada bolsa Unguzyň syrly çöketlik zolagyna inýän az öwrenilen köw bilen tamamlanýar.

Merkezi we günorta-gündogar Garagum, umuman, peslikdir. Olaryň arasyndaky çäk, Tejen – Türkmenabat demir ýolunyň ugry boýunça şertli geçirilýär. Ýerüsti gurluş taýdan bu bölekleriň ikisi-de Zaunguzdan tekizräkdir. Şu ýagdaý, şeýle hem, baý hem ýylboýy ulanylýan öri meýdanlary, süýji suwly guýularyň köplügi we uly şäherlere ýakynlygy olaryň ykdysady taýdan has netijeli özleşdirilmegine ýardam edýär.

Oazislere garanyňda, erkekler sährada köplenç milli geýim – telpek, gyýma balak we uzyn don geýýärler. Şunuň ýaly lybas bu ýerde jöwzaly tomusda-da, aňzakly gyşda-da has amatlydyr.

Garagum sähranyň emele geliş taryhy gadym döwürlerden bäri alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. XIX asyryň ahyrynda onuň gelip çykyşy barada iki çaklama öňe sürlüpdi: birinjisi – deňiz, ikinjisi bolsa – derýa.

Magdan inženeri Afanasiý Konşin tarapyndan teklip edilen deňiz çaklamasy uzak bolmadyk geologik geçmişde Garagum sähranyň tutuş meýdanynyň deňiz düýbi bolandygyny, indi sähranyň ýüzüni örtüp ýatan çägäniň bolsa öňki deňziň çökündileridigini aýdýardy. Ol: “Garagum sährasy, şübhesiz, Aral-Hazar deňziniň düýbi bolup, bu çägeleriň döremegi üçin material berýärdi, şemallar bolsa soň olara depe häsiýetini beripdir” diýip ýazypdy.

Garagum çölüniň derýadan gelip çykyşy baradaky başga bir çaklama akademik Wladimir Obruçewe degişlidir. Ol birnäçe ýylyň dowamynda Garagumy öwrenip, “onuň çägesi, esasan, dag jynslarynyň weýran bolmagyndan emele gelen önümleri günorta gerişlerden alyp gaýdýan derýalaryň işi netijesinde döräpdir” diýen netijä gelipdir. Garagum çägeleriniň derýadan emele gelmegi baradaky pikir Obruçewden öňem käbir alymlar tarapyndan öňe sürlüpdir, ýöne bu pikiri hakyky esaslar bilen üpjün eden hut Obruçewdir.

Çölüň adynyň gelip çykyşy-da köp jedeller döredýäri. Käbir ylmy barlagçylar Garagum sährasynyň landşaftynyň reňki sebäpli şeýle atlandyrylandygyny belleýärler. Başga hünärmenler bolsa türkmen we rus dillerinde “gara” sözüniň “garaňky, agyr, kyn” ýaly ikinji manysynyň-da bardygyny aýdýarlar.

Häzirki wagtda birinji çaklama has ynandyryjy bolup görünýär. “Bu sähra tutuklygy we ýowuzlygy sebäpli “gara” diýlip atlandyrylypdyr” diýýän çaklama barada aýdylanda bolsa, bu pikiri ilkinji bolup dile getirenleriň biri-de Garaguma ilkinji gezek düşen iňlis syýahatçysy A. Bernedir. Ony ýakyp-ýandyryp barýan jöwza, suwsuzlyk, gara tüweleýler we zäherli haýwanlar gorkuzypdyr. Eýsem-de bolsa, bu ýagdaý Berniň Garagum oazisiniň özüne çekijiligini bellemegine päsgel bermändir. Ol: “Bu çäksiz çäge ummany bilen deňeşdirilende, beýleki çöller ujypsyz bir zatdyr. Garagumuň ýüzüniň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy adatdan daşary ajaýyplygy öz goýnunda gizlin saklaýar” diýip ýazypdyr.

Roman Teplýakow