Ï Bütindünýä banky COVID-19-a garşy durmak üçin, Türkmenistana karz berer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bütindünýä banky COVID-19-a garşy durmak üçin, Türkmenistana karz berer

view-icon 3399

Türkmenistan pandemiýa garşy göreşmek üçin, Bütindünýä bankyndan 20 million amerikan dollary möçberinde karz alar. Degişli Karary hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde kabul etdi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ykdysady meseleler babatdaky orunbasary Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň «COVID-19-a garşy hereket etmek» taslamasy boýunça 20 million amerikan dollary möçberinde karz serişdelerini çekmek bilen bagly işleriň alnyp barylýandygy habar berdi.

Şunuň bilen baglanyşyklylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Bütindünýä banky Toparynyň Halkara täzeleniş we ösüş banky bilen karz ylalaşygyny hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen «Netijeleri bermek barada Ylalaşygy» baglaşmaga ygtyýar bermek baradaky teklipler hem-de «COVID-19-a” garşy hereket etmek» taslamasy boýunça Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna karz almak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, Halkara täzeleniş we ösüş bankyndan, Bütindünýä banky toparyndan alnan serişdeleriň koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin zerur bolan abzallary, derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, ýagny bu abzallar üçin reaktiwleri hem-de sanjym etmek üçin şprisleri satyn almaga gönükdirilmelidigini, şunuň bilen birlikde, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bu babatdaky teklipleriniň öwrenilmelidigini aýtdy.