Ï Pagtaçylyk boýunça ýörite maslahat geçirmek meýilleşdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pagtaçylyk boýunça ýörite maslahat geçirmek meýilleşdirilýär

view-icon 4649

Gowaça ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly möwsümleýin oba hojalyk işleri boýunça duşenbe güni geçirilen maslahatda Türkemnistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agrosenagat toplumynyň bu strategik möhüm pudagynyň ösdürilmegine bagyşlanan ýörite maslahatyň geçirilmegini goldap çykyş etdi. Onda alymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň we pudaklaýyn müdirlikleriň hünärmenleriniň, seleksiýaçylaryň, şeýle hem bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmegi sanly tehnologiýalar döwründe öwrenýän ugurlaýyn ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň anyk teklipleri diňlener. Bu teklibiň wajyplygyny dünýä ykdysadyýetiniň häzirki meýli, esasanam, hünärmenler tarapyndan bellenýän pagta bahalarynyň ýokarlanmagy-da nygtaýar. Diňe şu ýylyň başyndan bäri ol 30–35% gymmatlady, bu ýagdaý, ilkinji nobatda, bu çig malyň ähli birža görnüşleriniň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. 

Döwlet baştutanynyň belleýşi ýaly, pagta biziň baýlygymyzdyr we pagtaçylyk importyň ornuny tutýan önüm öndürmek we ýurduň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşýar. Pagta ösdürip ýetişdirmek we saýlap-seçmek häzirki wagtda dünýä boýunça bu ekiniň iň uly on öndürijisiniň biri bolan Türkmenistanda ir döwürden bäri dowam edip gelýän däpdir. 2020-nji ýylda 620,000 gektar ýerden 1,25 million tonna pagta ýygnaldy. 

Bu ýyl hem bol pagta hasylyna garaşylýar. Muňa häzirki zaman önümçilik we hyzmat infrastrukturasynyň emele gelmegi, ekerançylyk medeniýetiniň ýokarlanmagy we öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly oba hojalyk pudagyndaky özgertmeler ýardam edýär. Oba hojalygyna bazar ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak bilen, döwlet şol bir wagtyň özünde olary öňdebaryjy dünýä öndürijileriniň öndüren tehnikasy, tohum, mineral dökünler, suw we beýleki hyzmat görnüşleri bilen ýeňillikli şertlerde üpjün etmek arkaly, oba hojalyk öndürijilerine goldaw berýär we işe höweslendirýär.

Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanda öndürilýän pagtany gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly ýagdaý düýpgöter üýtgedi. Öň ýygnalan hasylyň diňe birnäçe göterimi ýurt içinde gaýtadan işlenen bolsa, indi hasylyň 70%-den gowragy ýurduň ýüzlerçe million dollar maýa goýlan häzirki zaman dokma senagaty üçin çig mal hökmünde ulanylýar. Pagta ekýän sebitlerde belli maksada gönükdirilen pagta-dokma toplumlary döreýär, olar ähli tehnologik yzygideliligi: pagtany ösdürip ýetişdirmegi, gaýtadan işlemegi, bu süýümden ýüplük, mata, dürli dokma we taýýar geýim önümlerini öndürmegi öz içine alýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň iş maslahatynda belleýşi ýaly, bu pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we pagta meýdanlarynyň giňeldilmegi ösümlik ýagynyň, maldarçylyk pudagy üçin iýmitiň we dokma senagatynyň önümleriniň artmagyna goşant goşar. Munuň üçin ylmy seçim, pagtanyň ýokary hasyllylygy we süýüminiň hili bilen tapawutlanýan täze sebitleýin görnüşlerini döretmek boýunça işler işjeň alnyp barylmalydyr.

Ogulgözel Rejebowa