Ï Törebeg hanymyň aramgähi Köneürgenç şäheriniň binagärliginiň ýene bir ajaýyp eseridir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Törebeg hanymyň aramgähi Köneürgenç şäheriniň binagärliginiň ýene bir ajaýyp eseridir

view-icon 14546

Törebeg hanymyň aramgähi binagärlik we mozaika sungatynyň ajaýyp eseri hasaplanýar. Bu binagärlik ýadygärligi diwarlary reňkli mozaika bilen bol bezelen takmynan 100 inedördül metr meýdany tutýan belentden ýagty alty gyraňly zaly bilen göreni haýran edýär. Zalyň ýokarsynda ýüzüne sünnälenip mozaika pannosy çekilen başaşak duran sferoid pyýala – ýyldyzlardan we gülli ösümlik suratly köpgraňlyklardan durýan çylşyrymly geometrik nagyş howada gaýýan ýaly bolup dur. Bu zaldan nesilşalygyň birnäçe wekiliniň jesediniň ýatan ýerine barmak bolýar. Ymarat köp barlagçylaryň tutuş Turanyň iň ajaýyp gümmezi hasaplan gümmezi bilen tamamlanýar. Gümmeziň iç tarapy sünnälenip çekilen ýyldyzlardan we güllerden durýan nagyşly panno bilen örtülipdir. Bu panno gündogar sungatynyň tutuş orta asyr binagärliginde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp eseridir. Binanyň ýokarsynda on iki gabsaly beýik egniň üstünde birwagtlar gök syrçaly çadyr howalanypdyr. Bu gün, gynansak-da, ony görmek mümkin däl: bina erbet zeper ýetipdir.

Bina ýokardan çerepisa bilen örtülipdir, bu şol döwre degişli jaýlaryň diýseň az sanlysynda gabat gelýän däpdir. Guburyň içki gurluşy altyburçly prizma görnüşinde ýerine ýetirilipdir, onuň gyraňlaryna penjire ýeri goýlan çürelip gidýän çuň arka pisint tagçalar oýulyp oturdylypdyr. Daşyndan seredeniňde, penjire ýerleri deňli-derejeli görünýärler. Günorta tarapynda beýik derweze bar.

Törebeg hanym şazada – Altyn Ordanyň hökümdary Özbek hanyň söýgüli gyzy bolupdyr. Gutlug Timur Horezmde häkim bolanda, Törebeg hanym oňa durmuşa çykypdyr. Ol dünýäden ýaş ötüpdir, Horezm halky ony keramatly hasaplapdyr, bu duýgy aramgähiň durkunda öz beýanyny tapypdyr.

Rowaýata görä, Törebeg hanym özüne aşyk bolan Gulgardan ussa onuň üçin dünýäde iň ajaýyp bina gursa, oňa durmuşa çykjakdygyna söz beripdir. Adamlar Gulgardanyň elinden çykyp, soňra şalaryň we Törebeg hanymyň özüniň-de aramgähine öwrülen eseriň hatarynyň takyklygyna, içki bezeginiň baýlygyna we köp reňkli nagyşlaryň owadanlygyna haýran bolupdyrlar. Ýöne ýürege emir edip bolmaýar, mylaýymzada gözel gyz Gutlug Timura barypdyr. Binagär bolsa hasrata tap getirmän, aramgähiň çür başyndan özüni ýere oklapdyr.

Bu aramgähiň binagärligiň ajaýyp ösen wagtynda – Gutlug Timuryň ýurdy dolandyran döwründe gurlandygyny Ürgenji teswirlän Ibn Battutanyň taryhy ýazgylarynda Törebeg hanyma we Nejm-ed-din-Kubra bagyşlanan binalaryň atlarynyň agzalmagy-da tassyklaýar. Bu ymaratlaryň ikisi-de olary jumga metjidi we medrese bilen birlikde ýatlan syýahatçyda uly gyzyklanma döredipdir.

Ibn Battutanyň ýazgylaryna esaslanyp, häzirki wagtda aramgähiň gurlan wagty XIV asyryň otuzynjy ýyllaryna degişli edilýär.

Roman Teplýakow