Ï Ramsar Konwensiýasynyň strategik ugurlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ramsar Konwensiýasynyň strategik ugurlary

view-icon 3966
Ramsar Konwensiýasynyň strategik ugurlary

23-nji iýulda «Suwly-batgalyk ýerler – Merkezi Aziýada bioköpdürliligiň dörän ýeridir» şygary astynda Merkezi Aziýada Ramsar Sebit Başlangyjyna (MA RSB) gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň duşuşygy geçirilip, onda MA RSB-niň bu halkara şertnamasyna goşulan ýurtlarda alyp baran işleriniň netijeleri bilen tanyşdyryldy. COVID-19 pandemiýasy zerarly çäre onlaýn düzgünde geçirildi.

Duşuşykda Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Türkmensitanda, Özbegistanda Ramsar Konwensiýasynyň maksatlarynyň ýerine ýetirilişi barada çykyşlar boldy, Täjigistanyň MA RSB goşulmagy bilen tanyşdyrylydy.

1971-nji ýylyň 2-nji fewralynda Eýranyň Ramsar şäherinde kabul edilen konwensiýa 170-den gowrak döwlet gatnaşýar.

Adamyň suwly-batgalyk ýerlere (SBÝ) aralaşmagyny we geljekde onuň ýitip gitmegini togtatmak üçin suwly-batgalyk ýerler barada Konwensiýa kabul edildi.

Bu halkara şertnamasy şertnama baglaşan ýurtlaryň öz ýerlerinde SBÝ-niň durnukly ulanmaga, olaryň ekologiýa bütewiligini saklap galmaga we serhetüsti SBÝ hem-de olaryň bioköpdürliligini saklap galmak üçin goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge islegini beýan edýär.

Konwensiýa gatnaşýan ýurtlaryň ähmiýetli howdanlary saklap galmaga borçnamalaryny ýerine ýetirmäge kömek etmek maksady bilen Ramsar Konwensiýasy Merkezi Aziýada Ramsar Sebit Başlangyjyny (MA RSB) we dünýäniň beýleki sebitlerinde Konwensiýanyň 2016-2024-nji ýyllara strategik meýilnamasynyň netijeli ýerine ýetirilmegine ýardam etmek üçin başlangyçlaryň 18-sini goldady.

Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmensitan başlangyja 2016-njy ýylda, Özbegistan 2019-njy ýylda, Täjigistan – 2021-nji ýylda goşuldylar. 2016-njy ýyldan bäri Merkezi Aziýa ýurtlarynda MA RSB-niň goldamagynda Ramsar ulanylýan ýerleri giňeltmek we bar bolanlaryny netijeli dolandyrmak boýunça konseptleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi.

Wladimir Komarow