Şu gün Hazaryň kenarynda, «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen guralan iri halkara çäreleriniň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň bäşisiniň wekilleriniň, BMG-nyň MA üçin öňüni alyş diplomatiýasy Sebit merkeziniň we BMG-nyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebit Edarasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirildi.
Dialogyň baş temasy – döwletara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, durmuş-ykdysady, medeni we ylmy gatnaşyklary, saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmekde zenanlaryň eýeleýän orny boldy. Şeýle hem gün tertibine zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine, şol sanda gender deňligini, olaryň hukuklarynyň we bähbitlerini goraglylygyny üpjün etmek üçin özgertmeleri durmuşa geçirmäge gatnaşmagy bilen baglanşykly meseleler goşuldy.
Çäräniň açylyşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Ýüzlenemsi okaldy, onda maşgala ojagyny saklaýýan, Merkezi Aziýa halklarynyň ýaş nesline medeni we ruhy mirasy öwretmek bilen ýurtlarymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň esaslaryny ösdürmäge we berkitmäge gatnaşýan zenanlaryň ýokary ähmiýeti aýratyn nygtalýar.
Gutlaglara wideogörnüşde BMG-nyň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-nyň Ösüş maksatnamasyny Dolandyryjysynyň kömekçisi, BMG-nyň Ýewropa we GDA ýurtlary üçin Ösüş maksatnamasynyň Sebit edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç Egger goşulyp, häzirki duşuşygy ýokary derejede gurandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirdi, Dialoga gatnaşýan ýurtlary şu ýyl bellenilýän döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy G.Mämmedowa öz çykyşynda forumyň söhbetdeşlikler üçin netijeli meýdançadyhyny nygtady, olar gender deňligini üpjün etmek arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde bitewi çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam eder.
Forumyň jemi boýunça Jarnama kabul edildi, onda zenanlaryň döwletleriň syýasy we durmuş-ykdysady durmuşyna giňişleýin gatnaşmagy üçin milli we sebit derejesinde görülmeli çäreler babatda maslahatlar bar.