Ï Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary

view-icon 3741

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany başga işe geçmegi sebäpli, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XIII mejlisiniň 2021-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaran XIII-1 belgili karary tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany başga işe geçmegi sebäpli, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň VII mejlisiniň 2021-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaran VII-1 belgili karary tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewa başga işe geçmegi sebäpli, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewany Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň VII mejlisiniň 2021-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaran VII-2 belgili karary tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewany Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XIII mejlisiniň 2021-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaran XIII-2 belgili karary tassyklanyldy.