Türkmenistanyň wekilleri «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokadynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler. Bu barada DIM-niň Metbuat gullugy habar berýär.
Duşuşyga şeýle-de iki ýurduň bank-maliýe we lukmançylyk edaralarynyň, beýleki ugurdaş hem-de harby düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki hereket edýän sanitar-epidemiologiki kadalarynyň nazarda tutulmagy bilen, serhetýaka zolaklarynda serhet, gümrük we fito-sanitar gözegçiliginiň amala aşyrylmagy bilen bagly bolan ikitaraplaýyn özara hereketleriň häzirki meselelerine seredildi.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry bolsa «Serhetabat-Turgundy» GGN-nyň işiniň güýçlendirilmegi, hususan-da ondan geçirilýän ýükleriň göwrüminiň artdyrylmagy, şeýle-de zerur bolan lukmançylyk enjamlarynyň üpjün edilmeginde degişli hemaýatlaryň berilmegi boldy.