Ï Rumyniýada Merkezi Aziýa döwletlerini garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen mübäreklediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rumyniýada Merkezi Aziýa döwletlerini garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen mübäreklediler

view-icon 2502

Ýylyň wajyp (şanly) wakasy – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bir aýdan hem az wagt galdy. Biziň bu mukaddes baýramçylygymyzy biziň dostlarymyz, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz, şol sanda Ýewropalylar hem biz bilen bile baýram edýärler.

Ýaňy-ýakynda Rumyniýada Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.

TÜRKSOÝ we Gazagystanyň ilçihanasynyň başlangyjy bilen geçirilen çärede biziň halklarymyzyň taryhy we tebigat gözellikleri, däpleri, ýaşaýyş-durmuşlary, olaryň saz we aşhana medeniýeti bilen Kraýowo şäheriniň ýaşaýjylary tanyşdyryldy.

«Gazagystanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy» we «Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy» surat sergilerini synlanlar halklarmyzyň durmuşy we garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada aýdyň düşünje aldylar. Kraýowonyň sungat muşdaklary milli saz gurallarynda ýerine ýetirilen şirin mukamlardan lezzet almaga mümkinçilik aldylar. 

Çäre «Türki dünýäsiniň ruhubelentligi» atly konsert bilen tamamlandy, onda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň artistleri öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Soňky ýyllarda Türkmenistan we Rumyniýa söwda-ykdysady, ulag we energetika çäginde iki taraplaýyn önjeýli hyzmatdaşlygy, şeýle hem medeni-gumanitar gatanaşyklary üstünlikli ösdürýärler.

Rumyniýanyň dürli şäherlerinde: Buharestde Politehniki uniwersitetinde, Ploýeştide nebit-gaz uniwersitetinde Kluž-Napoki şäheriniň üç ýokary okuw jaýlarynda, Tehniki uniwersitetinde we lukmançylyk we farmasiýa uniwersitetinde onlarça türkmen talyplary okaýarlar.

Ogulgözel Rejepowa