Aşgabatda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) USAID-iň «Ýaşlaryň ýagty geljeginiň ösmegine ýardam bermek» taslamasy, USAID-iň telekeçiligi we işewürlik ulgamyny ösdürmek boýunça taslamasy we Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi bilen bilelikde geçirilen «Startap-ekoulgamy-2021» bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi.
Üç aýyň dowamynda 127- sany telekeçi maksatnamanyň çäginde işewürlik, maslahat beriş okuwlaryna gatnaşdylar. Işewürlik we okuwlary ösdürmek boýunça ýedi sany türkmen kompaniýalarynyň wekilleri ýaş telekeçileriň işewürlik taslamalaryna baha we bäşleşige gatanaşyjylara özleriniň strategik ösüşlerine täzeden garamaga ýardam berdiler.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda on dört sany gatnaşyjynyň işleri görkezildi, olardan ýedisi ýeňiji boldy. Ýeňijiler diňe bir gymmat baýraklaryň eýeleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem Gazagystanda geçiriljek sebitara bäsleşige gatnaşmaga mynasyp boldular.
Klining hyzmatlary hödüleýän Startap «Valio» özüniň delili maliýe çaklamalary, bäsdeşlerini çuňňur seljermesi we ýerli bazarda öz hyzmatlaryny üstünlikli alyp baranlygy üçin baş baýrygyň eýesi boldy.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu S. Klimou ýeňijileri we ähli gatnaşyjylary işewürlik ideýalary we startapy üstünlikli durmuşa aşyryp, önüme öwürmekleri bilen gutlady. Özleriniň innowasion işläp taýýarlamalaryny ösdürip, işewürler Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine, şeýle hem oba hojalygy, azyk we dokma senagaty ýaly däp bolan pudaklaryň ösüşine hem ýardam berýärler.
Soňra Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň ýolbaşçysy Ýuriý Aronskiý gatnaşýanlara ýüzlenip, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm şahasy bolan ylma, tehnologiýalara we bilime ünsi güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.
Roman Teplýakow