2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugy bilen, Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi. Bu goňşy ýurtda bolup geçen hemmä mälim wakalardan soňky şunuň ýaly ilkinji kömekdir.
Dostlukly ýurduň zerurlygy üçin derman, lukman gorag geýimleri we lukmançylyk enjamlary, dezinfeksiýa serişdeleri, derman erginleri, agyz-burun örtükleri, hirurg ellikleri, koronawirus ýokanjyny bejermek üçin serişdelerdir dermanlar iberildi.
Ynsanperwer ýükleri owgan tarapyna gowşurmak dabarasy welaýatyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem oturymly türkmenleriň wekilleriniň gatnaşmagynda Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde geçirildi.
Owgan tarapy goňşusyna yzygiderli goldaw berýän Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky taslamalary durmuşa geçirmek arkaly goňşy döwletiň durmuş-ykdysady ösüşine möhüm goşant goşmak bilen, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen çözmek üçin, ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär.