Ï Polimerleri gaýtdan işlemek üçin
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Polimerleri gaýtdan işlemek üçin

view-icon 3494

Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda öndürilýän sintetiki polimerleri gaýtadan işlemäge gönükdirilen hususy önümçilikleriň birnäçesi bar.

S.A.Nyýazow adyndaky etrapda ýerleşýän «Laçyn ganaty» hususy kärhanasy şolaryň biridir. Ol ilatyň tabşyrygy boýunça suw geçirijiler we lagym ulgamlary üçin polietilen hem-de poplipropilen turbalary taýýarlaýar. Bu ýerde oturdylan enjamlar olary taýýarlamagyň ähli tapgyryny awtomatlaşdyrýar. Kärhanada müşderiniň tabşyrygy bilen 110 millimetre çenli dürli ölçegli turbalar öndürilýär. Bu önümler ýeňil, berk we uzak wagt ulandyrýar, çüýremezek, oňaýly we sazlamasy aňsat. Önümçilik üçin çig mal döwlet haryt-çig mal biržasynyň üstünden ýerli öndürijilerden satyn alynýar.

Daşoguzda bina edilýän «Halyçy gözel» hususy kärhanasy oňaýly sintetiki materiallardan enjamlarda haly önümlerini çykarmagy göz öňünde tutýar. Onuň düzüminde beýelki desgalar bilen birlikde plopropilen ýüplügini we granullardan akril sapaklary öndürýän sehler bolar. Kärhana işe girizilenden soň ýylda birnäçe ýüz müň inedördül metr haly we haly önümlerini çykarar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Çemenli dag» hususy kärhanasy gök-miwe önümleri daşamak üçin berk we oňaýly plastiki gaplary öndürýär. Munuň üçin polimer granullardan önüm öndürýän doly tapgyrdaky ýokary tehnologik enjam oturdylan. Enjam doly güýjünde işledilende günde 2,5 müňe golaý gap öndürip bolýar.

Şeýle hem Daşoguzda has berk, dürli ürgün maddalary daşamaga we saklamaga niýetlenen, çyga çydamly dokma polipropilenden halta taýýarlaýan hususy kärhana hem işleýär. Bu ýerde müşderileriň tabşyrygy boýunça 16 millimetrden 315 millimetre çenli polietilen we polipropilen turbalaryň kyrkdan gowrak görnüşini hem-de azyk önümleri üçin bir gezek ulanylýan gaplary öndürýän döwlet kärhanasynyň hem işiniň şowludygyny bellemek gerek.

Batyr Öräýew