Ï Sankt-Peterburgda oktýabryň başynda onunjy gaz forumy geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sankt-Peterburgda oktýabryň başynda onunjy gaz forumy geçiriler

view-icon 3419

2021-nji ýylyň 5 – 8-nji oktýabrynda şu ýylyň dünýä gaz senagaty üçin esasy çäreleriň biri bolan Sankt-Peterburg ýubileý, onunjy halkara gaz forumy geçiriler.

Forum geçirilen öňki ýyllarda üstünlikli işleýän özara gatnaşyklar ulgamy we söhbetdeşlik meýdançasy döredildi. Çärä iri telekeçiligiň wekilleri we tanymal alymlar gatnaşdylar. Söhbetdeşlikler pudagyň yzygiderli ösüşini üpjün edýän anyk ädimleriň köpüsini işläp taýýarlamaga ýardam etdi.

Sammitiň bu ýylky işewür maksatnamasynda ugurlaryň ýigrimisi ara alnyp maslahatlaşylar. Adaty temalardan başga-da, pudagyň durnukly ösüşi, gazyň adaty däl görnüşleri, nebit-gaz kompaniýalarynyň işiniň hukuk esaslary, logistika we ulag, geliý ulanmak ýaly täze wajyp meselelere garalar.

Çäräniň çäklerinde «InGAS Stream –Gaz pudagyndaky innowasiýalar» ýörite sekizinji halkara sergisinde, «Gazmotor ýangyjy» ýedinji ýörite halkara sergisinde, gaz senagaty we gaz hojalygynyň tehniki serişdeleri ýigrimi dördünji ýörite halkara sergisinde halkara kompaniýalarynyň häzirki we gelejgi uly tehnologiýalary, enjamlary we hyzmatlary görkeziler.

Forumdaky duşuşyklar tejribeleri, amaly bilimleri, gymmatly pikirleri alyşmaga we dünýäde nebit-gaz senagatynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen strategik çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam eder.

Roman Teplýakow