Ï Türkmenistanda sanly bazaryň ösüşi we sanly bazarlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda sanly bazaryň ösüşi we sanly bazarlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişi

view-icon 4671

2021-nji ýylyň 9-10-njy sentýabrynda elektron telekeçiligi we elektron söwdany ösdürmek, şeýle hem sanlaşdyrmaga ýardam etmek babatynda kanunçylygy ösdürmekde döwletiň roluny kesgitlemek boýunça iki günlük onlaýn seminar geçirildi.

«AA» habarçysyna ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde aýdylyşyna görä, bu çärä Türkmenistanyň Söwda we Daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Merkezi bankynyň, beýleki döwlet edaralarynyň, täjirçilik banklaryň we hususy sektoryň wekilleri gatnaşdy.

Gazagystanly we Moldowaly halkara hünärmenler elektron telekeçilik we elektron söwda pudagyndaky häzirki halkara tendensiýalar barada gürrüň berdiler hem amatly elektron işewürlik gurşawyny döretmek, maýa goýumlaryny çekmek üçin, strategiýalary we kanunlary işläp düzmekdäki öňdebaryjy tejribäni hödürlediler.

Hünärmenler, şeýle hem, elektron telekeçiligi we elektron söwdany durnukly ösdürmek üçin kadalaşdyryjy gurallar barada maglumat berdiler, sanly bazarlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňdebaryjy tejribäni paýlaşdylar we Türkmenistanda sanly bazary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Sanly ulgamlaryň we tehnologiýalaryň milli tejribä ornaşdyrylmagy täsirli guramaçylyk we kanunçylyk mehanizmleriniň işlenip düzülmegini, şeýle hem adam we guramaçylyk potensialynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär», – diýip ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji William Lif aýtdy.

«Sanly tehnologiýalary ösdürmek we ornaşdyrmak, öz gezeginde, ÝHHG-niň merkeziniň mandatynyň çäginde-de, milli gün tertibinde-de iň möhüm meseleleriň biridir», – diýip Lif sözüniň üstüni ýetdirdi.

 Taýýarlan: Janmämmet Gulamow