Ï “Witol” we “SOCAR” türkmen nebitini ýurt daşyna çykarmak barada şertnama baglaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Witol” we “SOCAR” türkmen nebitini ýurt daşyna çykarmak barada şertnama baglaşdy

view-icon 4415

“Witol” halkara söwda şereketi we Azerbaýjanyň döwlet eýeçiligindäki “SOCAR” şereketi Baku ‒ Tbilisi ‒ Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly ýylda 1 million tonna türkmen nebitini daşamak barada ylalaşdy. Ylalaşygyň durmuşa geçirilip başlanmagy şu ýylyň oktýabr aýynyň başyna meýilleşdirilýär.

Türkmenistandan satyn alynýan nebit ozal Nowosibirskä çenli Russiýa Federasiýasynyň derýadyr deňiz portlarynyň üsti bilen tankerler, ondan aňryk bolsa nebit geçirijisi arkaly daşalýardy. Indi Şweýsar-Golland “Witol” şereketiniň şu ugur boýunça daşamaly çig malynyň mukdary iki esse azalyp, aýda 80 tonna barabar bolup biler.

Uglewodorod çig mal söwdasy boýunça dünýäniň öňdebaryjy şereketleriniň biri bolan “Witol” türkmen “gara altynyny” BAE-nde ENOC-dan möhletleýin şertnamalar boýunça satyn alýan mukdaryna barabar mukdarda daşaýar.

Azerbaýjanyň “SOCAR” şereketi ozal Russiýaly we Türkmenistanly köp sanly şereketi işe çekmek bilen, Baku ‒ Tbilisi ‒ Jeýhan geçirijisi arkaly nebit daşalyşyny artdyrmak isleýändigini mälim edipdi.

Söwda nebit kompaniýalarynyň, söwda amala aşyrylanda, satyn alynýan çig malyň hilini we tygşytly daşama ugurlaryny göz öňünde tutýandygyny bellemelidiris. Türkmen nebiti, düzüminde kükürdiň az bolmagy bilen bellidir.

Mähri Ýagmyrowa