Ï GDA ýurtlarynyň çaga hukuklary boýunça wekilleriniň birinji duşuşygy geçdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GDA ýurtlarynyň çaga hukuklary boýunça wekilleriniň birinji duşuşygy geçdi

view-icon 6341

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetinde Arkalaşyga girýän ýurtlaryň çaga hukuklary boýunça wekilleriniň ilkinji duşuşygy bolup geçdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň çaga hukuklary boýunça wekili Anna Kuznesowa tarapyndan guralan onlaýn duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.

Çaga hukuklaryny goramak pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ägirt uly mümkiçnçiligini bellemek bilen, taraplar jikme-jik çäreleri ýylda bir gezekden az bolmazlyk şerti bilen hemişelik esasda geçirmelidigine düşündiler.

“Siziň paýyňyza çagalygy goramak, sebitde netijeli maşgala syýasatyny döretmek, maşgala institutyny goramak we berkitmek, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça asylly wezipe düşendigine ynanýaryn. Çaga hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň ygtybarly goragy, şeýle hem olaryň öz ukyplaryny ulanmaga ýer tapmak, durmuşyň maksadyna düşünmek mümkinçiligi köp babatda siziň işiňiziň netijeliligine baglydyr” diýip, Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy ‒ GDA-nyň Ýerine ýetiriji kätibi Sergeý Lebedew çaga hukuklary boýunça wekilleriň we Arkalaşygyň çäklerinde çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek we goramak bilen meşgullanýan ähli döwlet düzümleriniň tagallalaryny birlşdirmelidigini nygtamak bilen, öz çykyşynda aýtdy.

Aýjahan Ataballyýewa