Ï Tebigatyň jadylaýjy manzaralary we ajaýyp ýadygärlikleri: dagdaky güdazlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigatyň jadylaýjy manzaralary we ajaýyp ýadygärlikleri: dagdaky güdazlar

view-icon 16144
Tebigatyň jadylaýjy manzaralary we ajaýyp ýadygärlikleri: dagdaky güdazlar
Tebigatyň jadylaýjy manzaralary we ajaýyp ýadygärlikleri: dagdaky güdazlar
Tebigatyň jadylaýjy manzaralary we ajaýyp ýadygärlikleri: dagdaky güdazlar
Tebigatyň jadylaýjy manzaralary we ajaýyp ýadygärlikleri: dagdaky güdazlar

Geologlar dürli ýyllarda Türkmenistanyň daglarynda okislenen demir böleklerini tapypdyrlar. Görlüp oturylsa, bu gadym döwürde senetçileriň ýerden gazyp alan zatlary eken. Ata-babalarymyzyň Merkezi Köpetdagda, hususan-da Duşak dagy sebitinde irki senetçilik we demir işläp bejermek bilen meşgullanandyklary barada galan subutnama az däl.

Ýaňy-ýakynda Erikdagyň eňňitlerinde meteorit tikelerine meňzeş demir magdan bölekleri tapyldy. Bu meseläni aýdyňlaşdyrmak üçin, dagyň näbelli demir böleginiň tapylan ýerlerinde agtaryş işleri geçirildi. Tapyndylaryň hakyky aslyny kesgitlemek kyn düşmedi. Bu, ýerde emele gelen hakyky demir magdanydy. Mundan başga-da, tapyndylaryň golaýynda demir magdanynyň öň näbelli üç görnüşini ylmy taýdan öwrenmek başartdy. Känden çykarylan magdanyň töwereginde gadymy demir eredýän ýerleriň: birgiden eredilen magdan bölekleriniň, şlakyň we keramika döwükleriniň üýşmeginiň tapylmagy gyzyklydyr.

Duşagyň gadymy magdançylary magdan almak üçin, onlarça metre çenli çuňlukda şahtalar gazypdyrlar. Bu ýerler häzirki wagtyň relýefinde tegelek uly çukurlardyr, bir taraply palçyk galyplaryň galyndylary bolan zordan görünýän garymlardyr, ergin şu garymlar boýunça birneme eňňit bilen belli-belli galyplara guýulýan eken. Peçleriň özleri we ähtimal, palçyk güdazlar-da bajakdyr soňky çökündiler gatlagynyň aşagynda, çuňlukda galypdyr. Emma bu ýerde demir eredilendigi jedelsizdir. Bu ýerde birnäçe asyr mundan ozal (XII – XIII asyrlarda) aw we beýleki maksatlar üçin gural ýasaýan magdançylaryň we demirçileriň gadymy oturymly ýeri bolan bolmagy ähtimal.

Peçleri ýakmak üçin, agaç ulanypdyrlar. Arça ýakylan bolara çemeli. Muny onuň kesiliş yzlary subut edýär. Syýahatçylar, öňki obserwatoriýanyň we radiostansiýanyň işgärleri Duşak dagynyň eňňitlerinde demirden ýasalan naýza, peýkam, gadalga, dürli hojalyk gurallaryny tapypdyrlar. Ähtimal, olary ýerli demir ussalary şu ýerde eredilen metaldan ýasandyrlar. Demir önümleriniň käbir tapyndylary häzire çenli gadymyýeti söýüjileriň şahsy toplumlarynda saklanýar.

Taýýarlan: Wladimir Komarow