mail-icon
altynasyr.newspaper@gmail.com

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimini belledi

view-icon 1419

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, H.Aşyrmyradow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine R.Hojagulyýew bellenildi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, H.Hojageldiýew özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, H.Aşyrmyradow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.