Ï Halkara ylmy-amaly maslahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ylmy-amaly maslahat

view-icon 19944

Türkmenistanda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna 30 ýyl: netijeler, geljek» atly 28-29-njy sentýabrda Minskide geçirilen Halkara ylmy-amaly maslahatyň jemleri bilen tanyşdyrylyş işleri geçirildi.

Arkalaşygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäräni GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti we Belarusyň Milli ylymlar akademiýasy, Arkalaşyga gatnaşýan ýurtlaryň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň goldamagynda guradylar. Oňa GDA döwletleriniň döwlet edaralaryndan we akademik toparlaryndan, diplomatik wekilhanalaryndan, şeýle hem GDA pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralaryndan 300-den gowrak wekil gatnaşdy.

Çärä gatnaşanlar GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ýagdaýy, ony mundan beýlägem ösdürmegiň esasy ugurlary, Arkalaşygyň çäklerindäki ýurtlaryň ykdysadyýet kooperasiýasynyň ähmiýeti bilen tanyşdylar.

Umumy mejlisden başga-da, maslahatyň çäklerinde GDA döwletleriniň ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryna, innowasion hyzmatdaşlygyna bagyşlanan toparlaýyn mejlisler geçirildi. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde ylymlar akademiýalarynyň halkara assosiýa (YAHA) Geňeşiniň mejlisi we YAHA-nyň ýaş alymlar Geňeşiniň forumy gurnaldy.

Forumyň jemi boýunça toparlaryň mejlislerinde işlenilip taýýarlanan teklipler hem-de başlangyçlar babatda rezolýusiýanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Taslamalaryň ähli ýygyndysyny Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň çap etjekdigini bellemek gerek. GDA-nyň işini kämilleşdirmeklige gyzyklanýan edaralar ondan peýdalanarlar.

Aýjahan Ataballyýewa