Ï Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi iki Özbegistan Respublikasynyň kärhanalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi iki Özbegistan Respublikasynyň kärhanalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

view-icon 5756

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine:

2022-2023-nji ýyllarda oba hojalyk gurallaryny hem-de traktor tirkeglerini satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga;

2022 — 2026-njy ýyllar aralygynda bugdaýyň haşal otlaryna we kesellerine hem-de gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleri satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Ifoda Agro Kimyo Himoya” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.